Welaýatyň täze merkezi — «akylly» şäher taslamasy

22 Noýabr 2022
148

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde guwandyryjy üstünlikleriň gazanylmagy durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilik döredýär. Sanly ykdysadyýetiň depginli ösmegi netijesinde sanly tehnologiýalar durmuşymyza giňden ornaşýar we bu ugur iri şähergurluşyk maksatnamalarynda mynasyp orna eýe bolýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalarda «akylly» gurluşyk taslamalary ulanylyp başlandy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde innowasiýalary we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gurluşyk pudagyny ösdürmegiň möhümdigi barada aýratyn belläp geçdi.

Hormatly Prezidentimiz «akylly» şäher we «akylly» öý taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, şeýle-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ýaşaýyş jaý gurluşygynda ulanylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Bu babatda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini möhüm talaplaryň hatarynda görkezdi. Bu iri taslama bilen bagly meseleler hemişe üns merkezinde saklanylýar. 19-njy noýabrda Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda, şol sanda bina edilen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde, çagalar bagynda işleriň alnyp barlyşy bilen tanyşdy, bu ýerlerde bagy-bossanlyklaryň döredilişini synlady. Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça degişli ýolbaşçylar bilen geçiren iş maslahatynda şäheriň durmuş düzümine degişli meseleler babatda aýdyp, onda sanly ulgamyň, «akylly» şäher kadalarynyň ulanylmagynyň ähmiýetiniň ilkinji nobatda göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

Oguljan ATDAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.