Sanly tehnologiýalar — ösüşleriň özeni

21 Noýabr 2022
113

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň döw­re­bap ulag dü­zü­mi­ni, ara­gat­na­şyk hem-de te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de ýo­la goý­ýan iş­le­ri di­ňe bir mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň iler­le­me­gi­ne däl, eý­sem, se­bi­tiň ro­waç­ly­gy­na uly iter­gi ber­ýär. Mu­nuň özi ul­ga­myň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy hem-de ös­dü­ril­me­gi bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Ýur­du­my­zyň ho­wa, de­ňiz ýol­la­ry, de­mir ýol we aw­to­mo­bil ulag­la­ry pu­da­gyn­da döw­re­bap san­ly in­tel­lek­tu­al teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy içer­ki we hal­ka­ra gat­naw­la­ryn­da ýo­ka­ry hil­li, ne­ti­je­li, howp­suz ýol-ulag dü­zü­mi­niň eme­le gel­me­gi­ni çalt­lan­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, ýo­lag­çy hem-de ýük do­la­ny­şy­gy­nyň muk­dar, hil gör­ke­zi­ji­le­ri­niň art­ma­gy­na, ha­sa­bat­ly­ly­gyň ta­kyk al­nyp ba­ryl­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.