Türkmenistanda harytlaryň üstaşyr geçirilmegi üçin maglumat programmasy işe girizildi

18 Noýabr 2022
104

Türkmenistanyň gümrük edaralarynda halkara üstaşyr gümrük ulgamyndan geçýän harytlar barada deslapky maglumatlary ugratmaga mümkinçilik berýän programma işe girizildi. Bu barada Russiýanyň “Mir 24” teleradiokompaniýasy penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň bäş gümrük nokady halkara sanly ulgama birikdirildi. Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) ýük daşaýjylara bu programmany ulanmagy maslahat berýär. Geljek ýyldan başlap ýükleriň serhetden üstaşar geçirilmegi üçin deslapky maglumatlaryň berilmegi bu programmanyň üsti arkaly amala aşyrylar.