Ösüşe giň ýol

16 Noýabr 2022
120

Milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde edara-kärhanalaryň işine sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak häzirki döwrüň baş wezipeleriniň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda dünýäniň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamy döredildi. «TürkmenÄlem 520E» milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň işiniň ýola goýulmagy, bank ulgamynda elektron hasaplaşyklaryň çäginiň ep-esli giňeldilmegi ýurdumyzda innowasion tehnologiýalaryň giň gerimde özleşdirilýändigine aýdyň güwä geçýär. Bu bolsa şol bir wagtyň özünde döwrüň täze gazananlaryny önümçilikde netijeli peýdalanmaga, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge we ilatyň internet mümkinçiliklerine elýeterliligini pugtalandyrmaga-da ýardam edýär.

Aýry-aýry senagat pudaklarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak maksady bilen dürli programma-tehniki we maglumat serişdeleriniň üpjünçiligi hem ep-esli ýokarlandyrylýar. Bu işler welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň aratapawudyny aradan aýyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn özgertmeleri çalt depginde amala aşyrmaga hem uly şert döredýär. Şeýle innowasion mümkinçilikler ildeşlerimizi ylmyň soňky gazananlary bilen aýakdaş gitmeklige, döwrüň belent ruhunda netijeli zähmet çekmeklige höweslendirýär. Ýurdumyzda şeýle beýik özgertmeleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Ylýas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat müdirliginiň harby gullukçysy, uly leýtenant.