"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

«Volks­wa­gen»-iň ma­ha­bat diň­le­ri

Ger­ma­ni­ýa­nyň Wolfs­burg şä­he­rin­dä­ki «Volks­wa­gen» za­wo­dy­nyň go­la­ýyn­da «Au­tos­tadt» (aw­tou­lag şä­her­ji­gi) ýer­leş­ýär. «Au­tos­tadt» iki sa­ny köp gat­ly aý­na mi­na­ra­dan yba­rat bo­lup, kom­pa­ni­ýa­nyň tä­ze ön­dü­ri­len mo­del­le­ri şol ýer­de wit­ri­na çy­ka­ryl­ýar. Si­lindr gör­nüş­li, mer­ke­zin­de ulag­la­ry ýo­ka­ry gö­te­rip, aşak dü­şür­ýän öz­bo­luş­ly lif­ti bo­lan bu bi­na­la­ryň be­ýik­li­gi 60 metr bo­lup, her bi­ri­ne dört ýüz­den gow­rak ulag ýer­leş­ýär. Bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da esa­sy se­riş­de hök­mün­de aý­na ula­ny­lyp­dyr. Ýag­ny bi­na­nyň için­den da­şy­ny, da­şyn­dan içi­ni syn­lap bol­ýar. Ýer­li ýa­şaý­jy­lar mi­na­ra­la­ry «aw­tou­lag du­ral­ga­sy» di­ýip at­lan­dyr­sa­lar-da, bu­lar «Volks­wa­gen»-iň tä­ze önüm­le­ri­ni ma­ha­bat ed­ýän ýe­ri­dir. Mi­na­ra­lar 700 metr­lik ýe­ras­ty tun­nel ar­ka­ly za­wo­da bi­rig­ýär. Za­wod­dan çy­kan «wolks­wa­gen­ler» tun­nel­dä­ki rels­le­re mü­nüp, ýer­ze­min­den gö­ni ma­ha­bat bi­na­sy­na gel­ýär. Bu ýer­de tä­ze ulag­lar se­kunt­da iki metr tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýän lift ar­ka­ly ýo­ka­ry gal­dy­ry­lyp, ýer­li-ýe­ri­ne go­ýul­ýar. Ul­ga­myň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy tä­ze aw­tou­lag­la­ry hiç hi­li he­re­ke­te ge­tir­mez­den, müş­de­ri­le­re ber­mek­dir. Ýag­ny sa­tyn aly­jy aw­tou­la­gyň ge­çen ýo­lu­ny nol­dan he­re­ke­te ge­ti­rip baş­la­ýar. 2000-nji ýyl­da gurlan ma­ha­b

Sun­gat köp­rü­si­niň söý­gi gulp­la­ry

Fran­si­ýa sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň bi­ri bo­lup, bir­nä­çe bi­na­gär­lik gur­lu­şy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Meş­hur Eý­fel di­ňi, Mon-Sen-Mi­şel ga­la­sy, Şam­bor köş­gi, Že­ne­wa kö­lü­niň ke­na­ry, dün­ýä­niň «atyr paý­tag­ty» Gras­ şä­he­ri, Li­on hem-de Stras­burg ta­ry­hy şä­her­leri, Şa­moni ly­ža şy­pa­ha­na­sy, Wer­sal la­bi­rint ba­gy sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­dir. Fran­suz ins­ti­tu­ty bi­len Luw­ruň mer­ke­zi meý­dan­ça­sy­ny bir­leş­dir­ýän «Pont des Arts» py­ýa­da köp­rü­si hem uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Se­na der­ýa­sy­nyň üs­tün­den geç­ýän bu köp­ri 1802-1804-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da gu­rul­ýar. «Sun­gat köp­rü­si» ady­ny alan py­ýa­da ge­çel­ge­si şol dö­wür­de gur­lan il­kin­ji me­tal köp­ri bo­lup­dyr. 1975-nji ýyl­da Fran­si­ýa­nyň mil­li ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň ha­ta­ry­na go­şu­lan bu köp­ri sun­gat ser­gi­le­ri­niň me­ka­ny­na öw­rül­ýär. 1991-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi bi­len sun­gat köp­rü­si­niň meş­hur­ly­gy has-da ar­typ baş­la­ýar. 2008-nji ýyl­da ýaş ja­han­keş­de­le­riň ara­syn­da öz at­la­ry ýa­zy­lan gulp­la­ry sun­gat köp­rü­si­ne da­kyp, aça­ry­ny Se­na der­ýa­sy­na ok­la­mak dä­bi baş­lan­ýar. Fran­suz me­de­ni­ýe­tin­de beý­le däp bol­ma­sa-da, şon­dan soň­ra bu des­sur we­pa­ly söý­gi­niň ala­ma­ty ha­sap­la­nyp baş­lan­ýar.

Taryhda şu gün

1339-njy ýy­lyň 25-nji no­ýab­ryn­da Mosk­wa Krem­li­niň dub­ aga­jyn­dan edi­len di­war­la­ry go­ýul­ýar. Dub­dan gur­lan di­war­la­ra 1365-nji ýyl­da ýan­gyn ze­rar­ly ze­per ýe­ten­soň, 1367-nji ýyl­da Dmit­riý Dons­kiý hä­zir­ki Krem­liň çä­gin­de daş di­war­la­ry gur­dur­ýar.

Dün­ýä ha­bar­la­ry gys­ga se­tir­ler­de

In­di­ki sam­mit Hin­dis­tan­da ge­çi­ri­ler. 2023-nji, 2024-nji we 2025-nji ýyl­lar­da guraljak G20-iň sam­mit­le­ri, de­giş­li­lik­de, Hin­dis­tan­da, Bra­zi­li­ýa­da we Gü­nor­ta Af­ri­ka­da ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da In­do­ne­zi­ýa­da ta­mam­la­nan sam­mi­tiň jem­leý­ji res­mi­na­ma­syn­da aý­dyl­ýar. Şeý­le­lik­de, in­di­ki sam­mit gel­jek ýy­lyň 9-10-njy sent­ýab­ryn­da Nýu-De­li­de ge­çi­ri­ler.

«Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara binasynda 24-nji noýabrda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň bilelikde gurnamagynda «Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlar we mährem eneler  watan mukaddesligi we perzentlik borçlary barada gürrüňler etdiler.

Iň iri ýel bekedi gur­lar

Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri we Mü­sür, COP27 ho­wa sam­mi­tin­de umu­my kuw­wa­ty 10 gi­ga­wat bo­lan ýel elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny gur­mak ba­ra­da yla­la­şyk ga­zan­dy­lar. Mü­sür­de ýel stan­si­ýa­sy­nyň gur­lu­şy­gy­ny Mü­sü­riň «Ha­san Al­lam Uti­li­ti­es» gu­ra­ma­sy bi­len şert­na­ma bag­la­şan BAE-niň «Mas­dar» ener­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy ama­la aşy­rar. Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, kuw­wat­ly­ly­gy

2022-nji ýy­lyň iň gym­mat kom­pa­ni­ýa­la­ry

«In­terb­rand»-yň pro­fil go­ry 2022-nji ýyl­yň iň gym­mat kom­pa­ni­ýa­la­rynyň sa­na­wy bi­len ta­nyş­dyr­dy. Sa­na­wyň öňü­ni ýe­ne-de «App­le» çek­di. «App­le» 10 ýyl­dan bä­ri yzy­gi­der­li bi­rin­ji orun­da dur­ýar. Şu ýyl kor­po­ra­si­ýa­nyň ba­ha­sy 482,2 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy. Bu görkeziji 2021-nji ýy­la ga­ra­nyň­da, 18% köp­dür.

At fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­di

Go­laý­da Mon­go­li­ýa­nyň Hen­tiý se­bi­tin­de her ýyl­da gu­ral­ýan at fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­di. Bu çä­re atçylyk me­de­ni­ýe­ti­ni gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek, mon­gol ça­pyk­su­war­la­ry­nyň ba­tyr­ly­gy­ny, çe­ýe­li­gi­ni, güý­jü­ni bar­la­mak we gyş sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň ös­me­gi­ne iter­gi ber­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­di. Bu ge­zek­ki çä­rä ýur­duň äh­li kün­je­gin­den 200-den gow­rak ça­pyk­su­war we 1 müň tö­we­re­gi at gat­naş­dy. Mon­go­li­ýa­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi we Hen­tiý se­bi­ti­niň ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan gur­na­lan fes­ti­wa­lyň çä­gin­de at ça­py­şyk ýa­ryş­la­ry hem-de at­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly ser­gi ge­çi­ril­di.

«APEC»-iň ýol­baş­çy­larynyň sammiti

18-19-njy no­ýabr­da Tai­lan­dyň paý­tag­ty Bang­kok­da Azi­ýa-Ýu­waş um­man yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy (APEC) sam­mi­ti­ne gat­naş­ýan li­der­le­riň du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Sam­mi­te Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň 21 ýur­dun­dan döw­let Baş­tu­tan­la­ry, de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň ýol­baş­çy­la­ry, hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri we hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry gat­naş­dy. Her ýyl­da ge­çi­ril­ýän bu du­şu­şy­gyň bar­şyn­da Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň dur­nuk­ly ösü­şi­niň esa­sy me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu sam­mit 2018-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek ýüz­be-ýüz ýag­daý­da ge­çi­ril­di. Sammitiň esa­sy wa­ka­la­ry iki umu­my mej­lis­de jem­le­nip, dur­nuk­ly ösü­şe, söw­da we ma­ýa go­ýum­la­ry­ny ös­dür­mä­ge ba­gyş­lan­dy. Duşuşygyň barşynda oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mek, azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, üp­jün­çi­lik zyn­jyr­la­ry­ny güýç­len­dir­mek bo­ýun­ça me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şeý­le hem sam­mit­de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň tä­sir­le­ri­ne gar­şy gö­reş­mek we ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ry azalt­mak üçin has köp ta­gal­la­la­ryň ze­rur­dy­gy bel­le­nil­di.

Elekt­ron wi­zany işe gi­riz­di

In­do­ne­zi­ýa­nyň hä­ki­mi­ýet­le­ri 46ýurduň sy­ýa­hat­çy­laryna elekt­ron wi­za ber­me­gi res­mi­leş­dir­mek bo­ýun­ça on­laýn hyz­ma­ty ýo­la goý­dy. «In­do­ne­zi­ýa­nyň Ka­da-ka­nun­lar mi­nistr­li­gi ýur­da gel­ýän da­şa­ry ýurt­ly ja­han­keş­de­ler üçin im­mig­ra­si­ýa hyz­mat­la­ry­ny ýö­ne­keý­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len «mo­li­na.imig­ra­si.go.id» saý­tyn­da «e-VoA» wi­za­sy­ny al­mak üçin res­mi taý­dan elekt­ron hyz­ma­ty işe gi­riz­di. Şeý­le hem tä­ze­le­nen ul­ga­myň kö­me­gi bi­len sy­ýa­hat­çy­lar in­di wi­za tö­leg­le­ri üçin no­ba­ta dur­ma­ly bol­maz­lar» di­ýlip, ne­şir­de bel­le­nil­ýär.

Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da ýe­ňiş ga­zan­dy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň we Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan, şeý­le-de hut öz adyn­dan Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­we saý­law­lar­da ynam­ly ýe­ňiş ga­za­nyp, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne gaý­ta­dan saý­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny iber­di. Ga­za­gys­ta­nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew 20-nji no­ýabr­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, 81,31% se­se eýe bol­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň Mer­ke­zi saý­law ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Nur­lan Ab­di­row mä­lim et­di.

Mil­li öwüş­gin­li na­gyş­lar

Türkmen halkynyň baý taryhy bolup, her bir milli eserini sungat derejesine ýetirmegi başarypdyr. Nagyşçylyk, bezegçilik sungatyny kämilleşdirmekde hem halkymyz uly meşhurlyk gazanypdyr. Nagyşçylyk, bezegçilik gadymyýetden gözbaş alyp gaýdyp, türkmen halkynyň nepis halylaryna, egin-eşiklerindäki nagyşlaryna, zergär önümleriniň nagyşlaryna siňipdir. Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň mer­ke­zi yl­my ki­tap­ha­na­sy­nyň türkmen edebiýaty we seýrek neşirler bölüminde nagyşlar baradaky kitaplar saklanýar. Me­tal­dan, daş­dan, bi­şi­ri­lip ýasalan senetçilik önümleri türk­men halk çe­per­çi­lik sun­ga­ty­nyň iň­ňän ga­dym­dan gel­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň he­mi­şe­lik ser­gi zal­la­ryn­da, şeý­le-de gaz­na­syn­da ke­ra­mi­ka­da­ky na­gyş­lar­dan baş­lap, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň önüm­le­ri­ne si­ňen na­gyş­lar go­ra­lyp sak­lan­ýar we yl­my esas­da öw­re­nil­ýär. Türk­men hal­ky­nyň ama­ly-ha­şam sun­ga­ty köp ugur­ly bo­lup, ha­ly, ke­çe, egin-eşik, zer­gär­çi­lik sun­ga­tyn­da­ky na­gyş­lar özü­niň köp­dür­lü­li­gi, her na­g­şyň bir ma­ny aň­lad­ýan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Na­gyş­lar çe­per el­li ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň ze­hi­nin­den, ugur­ta­py­jy­ly­gyn­dan dö­räp­dir. Olar dur­muş­da­ky wa­ka­la­ry, te­bi­ga­tyň tä­sin ösüm­lik­dir, haý­wa­nat dün­ýä­si­ni, geo­met­rik şe­kil­le­

Ma­lym – ha­lym

Ata-babalarymyz dowardarçylygy her paslyň özüne mahsus aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, her möwsümiň howa şertlerine görä alyp barmakda çopançylyk kärini sungat derejesine ýetiripdirler. Çünki çopanlar dowardarçylykda geçirilýän owlak-guzy almak möwsümi, ýaz ýüňüniň gyrkymy, guzulary enesinden aýyrmak, güýz ýüňüniň gyrkymy, höwür möwsümi, dok gyşlatmak babatynda birnäçe baý iş tejribesini toplapdyrlar. Do­war­dar­çy­lyk pu­da­gy özü­niň göz­ba­şy­ny müň­ýyl­lyk­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan mil­li däp-des­sur­la­ra, aýt­gy­la­ra, na­kyl­la­ra, adal­ga­la­ra, ro­wa­ýat­la­ra örän baý­dyr. Hut şu nuk­daý­na­zar­dan, bu pu­dak bi­len bag­ly aý­dy­lan aýt­gy­lar hem öz äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­män, hä­zir hem do­wam edip gel­ýär.

Türk­men-emir­lik­le­r gat­na­şyk­la­ry­nyň tä­ze döw­ri

Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak we gi­ňelt­mek Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, şun­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ra aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. 1995-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da res­mi taý­dan ýo­la goý­lan türk­men-emir­lik­ler gat­na­şyk­la­ry iki döw­le­tiň Li­der­le­ri­niň ara­syn­da soň­ky ýyl­lar­da ge­çi­ri­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar esa­syn­da hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­ýar. Hormatly Prezidentimiziň 21-22-nji no­ýabr­da bu dost­luk­ly ýur­da ama­la aşy­ran res­mi sa­pa­ry hem köp­ýyl­lyk ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çyk­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik ber­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar 1995-nji ýy­lyň 10-njy okt­ýab­ryn­da ýo­la go­ýul­dy we 2002-nji ýy­lyň 20-nji aw­gus­tyn­da BAE-niň Türk­me­nis­tan­da­ky il­çi­ha­na­sy açyl­dy. Ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sa­par­lar we ola­ryň ne­ti­je­sin­de äh­li ugur­lar ba­bat­da gol çe­ki­len yla­la­şyk­lar iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin berk bin­ýat bol­dy. BAE Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy söw­da hyz­mat­daş­la­ry­nyň ha­ta­ry­na gi­rip, iki ýur­duň ara­s

Türk­men-öz­bek dost­lu­gy has-da ber­ke­ýär

Soň­ky ýyl­lar­da tä­ze ösü­şe eýe bo­lan, maz­mun ba­bat­da baý­laş­dy­ry­lan türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­rynyň ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi­niň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri ga­dy­my­ýet­den bä­ri iki hal­ky bir­leş­dir­ýän me­de­ni-ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň umu­my­ly­gy­na esas­lan­ýan yn­san­per­wer ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­lyk­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, Da­şo­guz şä­he­rin­de Türk­men we öz­bek halk­la­ry­nyň dost­luk fes­ti­wa­ly­nyň ge­çi­ril­me­gi aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu fo­rum­da iki ýur­duň se­net­çi­le­ri­niň hem-de şe­kil­len­di­riş we ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň us­sat­la­ry­nyň iş­le­ri­niň ser­gi­si gu­ral­dy. On­da türk­men we öz­bek halk­la­ry­nyň öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry­ny, te­bi­ga­tyň gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi­ni, ta­ry­hyň, me­de­ni­ýe­tiň ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni, hä­zir­ki za­man bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni be­ýan ed­ýän eser­ler gör­ke­zil­di.

5 ki­taby okamagy mas­la­hat ber­di

Mä­lim bol­şy ýa­ly, «Micro­soft» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Bill Geýts her ýy­lyň to­mus we gyş pa­syl­la­ryn­da okal­ma­gy­ny mas­la­hat ber­ýän ki­tap­la­ry­nyň sa­na­wy­ny aýd­ýar. Bel­li işe­wür dynç alyş gün­le­rin­de okal­ma­ly bäş ki­ta­byň ady­ny mä­lim et­di. 67 ýaş­ly işe­wür bu ba­ra­da CNBC te­le­ýaý­ly­my­na be­ren be­ýa­na­tyn­da aýt­dy. Ine, yl­my-fan­tas­ti­ki, ta­ryh we beý­le­ki mow­zuk­lar­da­ky ki­tap­la­ryň sa­na­wy:

Ýew­ro­wi­de­ni­ýäniň tä­ze ses be­riş ul­ga­my­

Ýew­ro­pa Te­le­ýaý­lym Bi­le­le­şi­gi (EBU) Ýew­ro­wi­de­ni­ýe aý­dym-saz bäs­le­şi­gi­niň ses ber­liş ul­ga­my­ny üýt­ge­dip, bü­tin dün­ýä üçin açyk et­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. 2023-nji ýyl­dan baş­lap, ýa­rym fi­na­la çy­kan to­par­lar bü­tin dün­ýä­den ber­len ses­ler ar­ka­ly kes­git­le­ner. Fi­nal­da bol­sa, pro­fes­sio­nal emin ag­za­la­ry ýe­ňi­ji­ni kes­git­lär. EBU tä­ze düz­gün bi­len ýa­ry­şa glo­bal gy­zyk­lan­ma­nyň art­dy­ryl­ma­gy­ny mak­sat edin­ýär. Tä­ze düz­gü­ne gö­rä, ýa­rym fi­na­la çyk­jak ýurt­la­ry di­ňe to­ma­şa­çy­lar kes­git­lär. Fi­nal­da bol­sa, emin ag­za­la­ry to­ma­şa­çy­lar­dan ge­len ses­le­ri hem göz öňün­de tu­tup, ýe­ňi­ji­ni bel­li eder. Aý­dym-saz bäs­le­şi­gi Ýew­ro­pa Te­le­ýaý­lym Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za bo­lan ýurt­la­ryň (kö­pü­si Ýew­ro­pa­dan) ara­syn­da 67 ýyl­dan bä­ri ge­çi­ril­ýär.

Adam 1 tril­li­on ysy ta­pa­wut­lan­dy­ryp bil­ýär

Jan­ly-jan­dar­la­ryň ys alyş uky­by dür­lü­çe bol­ýar. Nýu-Ýork­da­ky Rok­fel­ler uni­wer­si­te­ti­niň mo­le­kul­ýar new­ro­bio­lo­gi­ýa hü­när­me­ni Les­li Wos­şal­lyň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän to­pa­ry­nyň ge­çi­ren bar­la­gyn­da ada­myň 1 tril­li­on tö­we­re­gi ysy ta­pa­wut­lan­dy­ryp bil­ýän­di­gi ýü­ze çy­karyl­dy. Ge­çi­ri­len bar­lag­da 26 meý­le­tin­çi­niň her­si­ne her sy­nag­da üç çüý­şe ber­ildi­. Çüý­şe­ler­den iki­si­niň ysy meň­zeş­di. Olar­dan ta­pa­wut­ly ysy bil­mek­le­ri so­ral­dy. Em­ma la­bo­ra­to­ri­ýa­da ön­dü­ri­len ta­pa­wut­ly ys bol­sa, beý­le­ki ys bi­len 90 gö­te­rim meň­ze­ýär. 10 gö­te­rim­lik ta­pa­wu­dy bol­sa saý­gar­ma­gyň kyn­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bu sy­nag­lar bir­nä­çe ge­zek gaý­ta­la­nyp­dyr. Ne­ti­je­de, ada­myň şeý­le az ta­pa­wu­dy hem du­ýup bil­ýän­di­gi mä­lim bo­lup­dyr. Azat BA­TY­ROW,

Mik­rop­las­tik­le­ri aras­sa­la­ýan ro­bot

Hy­taý­ly hü­när­men­ler suw­da­ky mik­rop­las­tik­le­ri we na­nop­las­tik­le­ri aras­sa­la­mak üçin ion alyş-çal­şy­gyn­dan güýç al­ýan ki­çi­jik ro­bot iş­läp taý­ýar­la­dy­lar. Ro­bo­tyň dia­met­ri adam sa­çyn­dan has in­çe 20-100 mik­ron ara­ly­gyn­da. «Science Advances» žur­na­lyn­da bu ba­ra­da çap edi­len ma­ka­la­da süý­ji suw­lar­da­ky mik­ro we na­nop­las­tik­le­riň glo­bal ekoul­gam üçin howp dö­red­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Em­ma su­wa ga­ry­şan iri plas­tik zy­ňyn­dy­la­ry ada­ty süz­güç­ler ar­ka­ly ýyg­nap bol­ýan hem bol­sa, göz bi­len saý­ga­ryp bol­ma­ýan plas­tik zer­re­jik­le­ri­ni top­la­mak aň­sat däl. Guanç­žou şä­he­rin­dä­ki Ji­nan hem-de Gon­kon­gyň ady­bir uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri ýer sü­pür­ýän ro­bot­la­ra meň­ze­dip, suw­da­ky maý­da plas­tik bö­le­jik­le­ri aras­sa­la­ýan ro­bo­ty iş­läp taý­ýar­la­dy­lar. Ji­nan uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­me­ni Wan Ji­žu­an ýer sü­pür­ýän ro­bot­la­ryň aw­to­nom ýag­daý­da bel­le­nen ara­lyk­da­ky zi­bil­le­ri aras­sa­la­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, şeý­le ro­bo­ty su­wy aras­sa­la­mak üçin hem ýa­sap bil­jek­dik­le­ri­ni aýd­ýar. Mu­ham­me­ta­man SA­RY­ÝEW,

Ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­re baý me­kan

Soň­ky ýyl­lar­da ýurdumyzyň ta­ry­hy­nyň, ar­heo­lo­gi­ýa­sy­nyň we et­no­lo­gi­ýa­sy­nyň me­se­le­le­ri­ni tä­ze esas­da düýp­li hem-de çuň­ňur öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len köp iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu ugur­da­ky giň ge­rim­li baş­lan­gyç­la­ry häzirki wagtda my­na­syp do­wam et­di­ri­lip, hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy­ny çuň­ňur öw­ren­mä­ge, go­rap sak­la­ma­ga we wa­gyz et­mä­ge döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­le­ri­miz­de gi­ňiş­le­ýin ar­heo­lo­gik bar­lag­lar ge­çi­ri­lip, ta­ry­hy­my­zyň he­niz açyl­ma­dyk gat­la­ry­ny tä­ze mag­lu­mat­lar bi­len dol­dur­mak wa­jyp we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­ýär. Mu­ňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry bi­len tas­syk­la­nan «Mil­li ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­syň ob­ýekt­le­ri­ni aýap sak­la­ma­gyň, go­ra­ma­gyň, öw­ren­me­giň hem-de ola­ra sy­ýa­hat­çy­la­ry çek­me­giň 2022–2028-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy» hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu ugur­da­ky iş­le­ri has iş­jeň­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýin­de san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len «Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri: öw­ren­mek, go­rap sak­la­mak we re­je­le­mek tej­ri­be­si» atly hal­ka­ra yl­my mas­la­hat hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­d