"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

«Towşanjyk» işdäaçary

Gerekli önümler: • 680 gram towuk eti;

Maşgala mukaddesligi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir maşgalanyň berk, kämil bolmagy we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda maşgalany goramak we ony goldamak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň döwrüň talabyna görä kämil we halkara hukuk kadalaryna laýyk bolmagy üçin netijeli işler amala aşyrylýar.

Ene söýgüsi

Ene söýgüsinde gudrat, dörediji güýç bar. Ene söýgüsi biserhetdir, onuň çägi ýokdur. Ene söýgüsi perzendi baradaky alada, onuň gowy adam bolup ýetişjekdigine ynam, sagdyn ösüp-ulalmagy, rahat durmuşda ýaşamagy bilen baglanyşyklydyr. Perzendi ulaldygyça, enäniň aladalary köpelýär. Şirin hüwdüler, mähir-muhabbet, ak süýdi bilen balasyny ýagty jahana höwrükdiren enäniň durmuşdaky wezipeleri, borçlary, jogapkärçiligi barha artýar. Ene çagasynyň bu barlygy söýmegine kömek edýär, özüni kämilleşdirmegi, beýlekiler bilen gatnaşyk guramagy öwredýär. Ene ogul-gyzlaryna mynasyp adamlar bolup ýetişmeklerinde ilkinji we baş mugallym hökmünde çykyş edýär, çagalaryň edepli bolup ýetişmekleri, ilki bilen, ene terbiýesine baglydyr. Ejelerimiz bizi özbaşdak durmuşa taýýarlaýar. Ejeler käte aşa talapkär, berk tutýan ýaly görünýär, emma aslynda beýle däldigine soň-soňlar göz ýetirýäris. Ene öz çagalarynyň özbaşdak durmuş gurup, öz aýaklarynyň üstünde berk durup bilmegi üçin zerur binýady döretmegiň aladasynda ýaşaýar. Enäniň söýgüsi perzende ylham berýär, durmuşy öwredýär, howplardan, kynçylyklardan halas edýär. Enäniň söýgüsi şertsizdir, sebäbi ene perzendini haýsydyr bir üstünligi, baýlygy, hereketleri ýa-da häsiýetleri üçin däl-de, ony bütin dünýäniň öňünde goramaga taýynlyk bilen, çyn ýürekden söýýär. Ynsan ejesiniň elleri bilen bütin dünýä tutunar eken, baglanyşyk gurar eken. Köp çagaly maşg

Ejem bilen hyýaly söhbet

Bar wagtlaň baýdym, bagtlylara taýdym! Ýüregim kuwwatly urup, bedenim mähriňden güýç alýardy. Kalbyma bir biynjalyklyk aralaşsa hemmelerden öň duýýan hemdemim, hemram, rahatlygymdyň. Syr sandygym, hak hossarym, mähek daşymdyň. Müňlerçe adamyň öwezini dolup bilýän ýeke-täk wepadarymdyň. Men muňa Magtymguly atamyzyň: «Görer gözüň gymmaty, kör ýanynda bellidir» diýşi ýaly, guş kimin uçan günüň has hem göz ýetirdim. Şol gün durmuş bar syrynyň perdesini ýüzünden syrdy oturyberdi. Ine, şondan bärem seniň sessizje çeken ýüküň kem-kemden öz gerdenime düşdi. Ynsanyň ejesiz galan güni tiz wagtyň içinde ulalýanyny öňem eşidipdim. Bu hut şeýle-de boldy. Birden öňki şatlyklar, jak-jak urýan gülküler zym-zyýat boldy duruberdi. Ähli zada çuňluk bilen seredip başlamak endige öwrüldi. Boýy ýetip barýan çagalarym gije-girim bir iş bilen çyksalar, sebäpsiz ýere howsala düşmegi tapdym. Nämedendigini bilmesem-de, sähel zada keýpim bozulyp, ynjaýardym. Hiç kim hiç zat diýmese-de, agym tutar durardy. Käwagt dagy özümi kemşerilip duran öýkelek çaga ýaly duýýardym. Ýürek barha ýukaldy. Süýji ukular ornuny dürli ahwallara salýan ýatlamalara berdi. Seni şeýle bir küýseýärdim welin, käýarym dagy gursagyma ot guýulýan ýaly gyzyberýärdi. Howlap-howlap daşaryk çykýan wagtlarym az bolanokdy. Seni göresim gelende, göýä diýersiň, demim, howam ýetmeýän ýaly hopugýardym. Halys küýsäp, delminsem seniň üstüňe zyýar

Çagalaryň jemgyýetdäki orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülleýän we barha kuwwatlanýan eziz Diýarymyzyň buýsançly hem-de guwandyryjy ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýan ýaş nesil baradaky alada Täze ýylyň şygaryna öwrülmek bilen, hormatly Prezidentimiziň ileri tutýan wezipeleriniň biridir. 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly». Ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýarlygy kämil kanunlaryň we kanunçylyk namalaryň esasynda goralýar. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, on sekiz ýaşyna (kämillik ýaşyna) ýetmedik adam çaga hökmünde ykrar edilýär. Şu Kanunyň 4-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan her bir çaganyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, durmuş we emläk ýagdaýyna, özüniň we ata-enesiniň ýaşaýan ýerine, diline, bilimine, dini garaýşyna, dogluş ýagdaýyna, saglygyna ýa-da beýleki ýagdaýlaryna garamazdan, hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligi kepillendirilýär.

Göwnümizi galkyndyrdy

Aýgözel HOJAÝEWA,Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň ýaşaýjysy: — Ýurdumyzda her bir ýylymyz mynasyp şygarlar astynda guwandyryjy ösüş-özgertmelere, şanly wakalara beslenýär. Täze ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy göwnümizi galkyndyryp, onuň şöhratly ýyllaryň birine öwrüljekdigine ynamymyzy artdyrdy.

Begendirmegiň begenji

Bu üýtgeşik begenji men çagakam başymdan geçiripdim. Ejem pahyr ýüňden jorap, ýene şoňa meňzeş zatlary örmegi gowy görerdi. Ýüňi özi saýardy, özi darardy. Pişge ýasardy. Soň olary egrip, boýardy. Boýan ýüplerinden ýumak sarardy. Menem egrilgi ýüpi elimden geçirip, ýumak saramaga ejeme kömekleşipdim. Ejem bir ýumagy sarap boldy-da: — Körpejäm, hany, gel, seni bir gujak-gujak edeýin! — diýipdi.

Täze ýylyň bosagasynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda halkymyz 2023-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşy almaga giňden taýýarlyk görýär. Täze ýyl baýramy beýleki baýramlara taýlap bolmaýan, hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan, umyt-arzuwlaryň jadyly baýramçylygydyr. Göwün ýüwürtmek, süýjüden-süýji arzuw etmek Täze ýyla mahsus aýratynlyklaryň biridir. Täze ýyl baýramyny garşylamazdan öň edilen işlere göz aýlamak, olar dogrusynda degerli netijeler çykarmak, geljekki başlangyçlary kesgitlemek her bir adamda bolşy ýaly, döwlet derejesinde hem amala aşyrylýar. Diýarymyzyň ähli ministrlikleridir pudaklaýyn edaralarynda, döwlet, jemgyýetçilik we hususy kärhanalardyr guramalarda bu ajaýyp baýramçylyga bagyşlap, aýdym-sazly dabaraly çäreler guralýar.

Täze ýyl bu öýe başgaça gelýär

Bu öýde dört lukman we iki mugallym Täze ýyly bilelikde garşylaýar. Hawa, olaryň ählisi bir maşgalanyň agzalary. Eger ata kesbini ogullary ýöredýän bolsalar, ene kesbini maşgalanyň gyzyna öwrülen gelinleriň biri dowam edýär. 2023-nji ýylyň edil öňüsyrasynda bu maşgalanyň myhmany bolmak miýesser etdi. Eger Türkmenabatda ýaşaýan bolsaňyz, 1-nji saglyk öýüniň rentgenolog lukmany Rozymyrat Nazarowyň adyny kän eşidensiňiz. Hawa, ol şo-ol Rozymyrat lukman. Rentgenologa ýüz tutýan kän, onuň işinden hoşal bolup, adyna alkyş okaýan has kän. Ýanýoldaşy Nurjemal gelneje bilen iki ogly ösdürip, kemala getiren Rozymyrat aganyň özi bilen ogullary we uly gelni il-günüň saglygyny gorasa, Nurjemal gelnejedir kiçi gelin çagalara bilim, sowat paýlaýarlar. Garaz, bu öýde hemmeler gowulyk paýlaýar. Şonuň üçin maşgalanyň ähli agzasy il içinde arzyly.

Toý saçagy

(Publisistik oýlanmalar) Pah, toý saçagynam türkmene ýazdyraýsaň! Hany-manyny orta döker. Bu däp özem dädem Gorkutdan, beg Göroglynyň döwründen gaýdýandyr. Jomartlykdan döwlet tapan, şu günküsini tapsa ertirkisini gaýgy-endişe etmeýän Görogly begi diňläp gör:

Maşgala baýramy

«7/24. tm», № 52 (135) Ýur­du­myz 2023-nji ýy­ly gar­şy­la­ma­ga taý­ýar­lan­ýar. Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň ýa­kym­ly ho­wa­sy bar ýe­re ýaý­ra­ýar.

Görkli göwnüň gözbaşy

Hawa, şol günki «çaýly» gürrüň meni uzak wagtlap pikirlenmäge mejbur etdi. 30 ýyl bäri adamsyna çaý guýup berýän, balajyklaryny ganatynyň aşagynda penalap oturan zenanyň salgysyna aýdylan pikirler, gender deňligi baradaky gürrüňler köp oýlandyrdy. Waheýýý... Çaý diýýäňizmi?!.. Eziz enelerimiziň ömrüniň has wajyp, jogapkärli pursatlaryndan habar bersene! Olaryň aladasy ýetik güzeranynyň birje ülşüne diň salyp göräýeliň: Bäbekhanadaky ol gün güzerine üýtgeşik mähir inen duýgulary ömrüň özüne bagyşlan bu ýakymly pursadyna teşnelikden, elindäki akja bäbegine bolan söýgüden ýaňa Abadanyň ýüregi kükregine sygmajak bolýardy. Ykbalynyň şeýle mähriban hem eziz peşgeşiniň eneler üçin näderejede gymmatlydygy hakynda oýlanýardy. Hut şol pursadam mähriban käbesiniň gapdaldaky otaglaryň biriniň penjiresini kakyp: «Abadan Amanowa bolmaly, şol siziň ýanyňyzda dälmi?» diýen sesi eşidildi. Gelniň ýüregi howlady. Penjirä golaýlap: «Eje, men bärde-e» diýip gygyrdy. Ene gyzynyň sesini eşitmedi. Abadan penjiräni açdy-da, sesiniň ýetdiginden «Eje-e...» diýip gygyrdy. Penjiräniň aňyrsyndan bu dünýäniň hiç bir lezzetine, genji-hazynasyna çalşyp bolmajak ýakymly ses eşidildi: «Jana-a...» Bu ses mähriban enäniň uzak gije horugyp, janyndan jan aýrylan balasyna duýgudaşlygynyň sesidi. Şol ýakymly jümle Abadanyň janyna hoş ýakyp, on iki süňňüni bogun-bogun yzarlady. Gelin gözlerinden paýran damjalary käbes

Sowgat

Eneler perzentlerine durmuşda ak ýol arzuw edýärler. Çünki durmuşyň iň süýji ýatlamalary şol arzuwlar bilen nurludyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan.

Towşan ýylynda doglanlar barada

Her bir ynsan özboluşly häsiýete, ukyp-başarnyga eýedir. Alymlar ynsan häsiýetini, ukyp-başarnygyny olaryň ýyldyz belgilerine, müçe ýyllaryna görä toparlara bölýärler. Žurnalymyzyň şu sanynda towşan ýylynda doglan zenanlaryň başarnyklary, häsiýetleri barada bilermenleriň pikirlerine salgylanyp, söhbet etmek isleýäris. Towşan ýylynda doglan zenanlar örän özboluşly, ukyply, salyhatly, açykgöwünli we hoşgylaw bolýarlar. Olar islendik adam bilen dil tapyşmagy başaryp, her bir zada gowy göz bilen garaýarlar. Bu ýylda doglan zenanlar özüni we töweregindäkileri hormatlamagy başarýarlar. Ýokarda agzalan, hut zenana mahsus bolan ajaýyp häsiýetleri bilen olar köpçülik ýerlerinde hem uly sylaga eýe. Towşan ýylynda doglan zenanlary aljyratjak gümanyň bolmaz. Çünki olar islendik ýagdaýda hem özlerini parahat, arkaýyn alyp barmaga ukyplydyrlar.

Anbar ysyn saçyp...

Siz anbar saçýan atyr saýlanyňyzda, onuň emele gelşiniň taryhyny ýatlaýan hem dälsiňiz. Maglumatlara görä, ilkinji atyrlar bolup ösümlikler hyzmat edipdir. Gadymy döwürde gyzlar, zenanlar halaýan güllerini saçlaryna ýa-da lybaslaryna dakypdyrlar. Şeýle sada usul arkaly gyz-gelinler üstünden bark urýan gülleriň ysynyň gelmegini gazanypdyrlar. Wagt geçip, adamyň aň-düşünjesiniň ösmegi bilen, atyrlaryň dürli görnüşleri emele gelipdir. Atyr ösümliklerden alnan şiredir şepbikden, gaýnatmasyndan taýýarlanypdyr. Hatda sugunlar maşgalasyndan bolan kabarganyň mäzinden ýakymly ysly müşk almagy başaran ussatlar hem bolupdyr. Ösümliklerden taýýarlanan atyrlara görä, müşküň ysy, köp wagt kükäp durýandygy sebäpli, has gymmatly hasaplanypdyr. Häzirki döwürde gowy ysly atyrlaryň ýüzlerçe görnüşi bolup, olaryň arasyndan özüňe has mahsus hem-de göwnüňe ýaraýanyny tapmak her bir gelin-gyz, şeýle-de, erkek adamlar üçin-de şahsy zerurlykdyr. Çünki üst-başyňdan ýakymly ys kükäp dursa, ilki bilen-ä, köpçülikde özüňi rahat duýýarsyň, galyberse-de, atyryň täsiri daş-töwerege ýaýraýar we göwne hoş ýakýan anbaryň ysy kükäp, howada özboluşly ýakym galýar. Aýal maşgala duýguçyl bolansoň, erkek adamlara garanda, ysy has oňat alyp, olary tapawutlandyryp bilýär.

Täze ýyl düşümli bolsun!

Astrologlaryň pikiriçe, towşan ýyly iň düşümli ýyllaryň biri hasaplanýar. Bu ýylda adamlaryň durmuşy parahat geçer, üstünliklere beslener. Towşan ýylynda beýleki belgilerde doglanlara nämeler garaşýarka?! Belki-de, bular dogrusynda tanyşmak hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek.

2023 — towşan ýyly — şowlulyklaryň ýyly

Gündogar senenamasynyň ýylyň on iki aýyna saýlan jandarlarynyň arasynda towşan hormatly orny eýeleýär. Sebäbi towşan mähirli, maşgalasyny goraýjy, daş-töweregindäkiler bilen gowy gatnaşykda bolup bilýän, her bir ýagdaýdan ugur tapýan hökmünde bolansoň, onuň ady bilen bagly ýyl adamlara üstünlik, mylaýym gatnaşyklar, maşgalasyna bagtyýarlyk we söýgi getirýär. Towşan göräýmäge ejiz ýaly, ýöne ol ýykylsa-da, hiç ýerini agyrtman, derrew turup bilýär. Astrologlaryň çak edişine görä, 2023-nji ýyl towşanyň häsiýetine meňzeş asudalyk we bagtyýarlyk ýyly bolar. 2023-nji ýylda zenanlara saglygyna, daşky keşbine, içki duýgularyna köpräk üns bermek maslahat berilýär. Öňki ýyldaky ýaramaz ýatlamalary ýadyňyzdan çykaryň. 2023-nji ýyl nerw dartgynlylygyny sazlamagyň tüýs wagty. Özüňi deňagramly we erkin alyp barmak — bu ýylyň şygary. Akym boýunça ýüzüp, wagta ynanyň, şeýle bolanda, ähli arzuw-hyýallaryňyz öz-özünden hasyl bolar. Towşan ýylyndaky durnuklylyk ykdysady çökgünlikden daşlaşdyrar.

Öý bikesi öwrense...

Ananasly, kömelekli işdäaçar Gerekli önümler:

Durmuşyňyz süýji bolsun!

Täze ýylyň aýratyn bir jadysy bar. Bu jady her bir ynsanyň kalbynyň töründe orun alyp, aradan ýyllar geçse-de, oňa bolan söýgi hiç peselmeýär. Täze ýylyň golaýlaşmagy bilen, ýagşy ýatlamalar hakydalara dolýar. Göz öňüňde owadan bezelen arçalar, sowgat paýlamaga gelen Aýazbabadyr Garpamyk, dürli süýjülikler bilen bezelen desterhan, bal tagamly tortlar bu baýramçylygyň esasy aýratynlyklary bolup janlanýar. Elbetde, süýjülik tortlary her birimiziň halaýan tagamymyz. Onda-da Täze ýylda ýa-da doglan günleriň toý dabaralarynda, durmuş gurýan ýaşlaryň bagtly pursatlarynda süýjülik tortlaryndan dadylmagy gelýän Täze ýyl üçinem, ýaş toýuny belleýänler, ýaş juwanlar üçinem süýji durmuşyň arzuwlanyp, ýagşy dilegleriň edilmegi, elbetde, indi halklaryň arasynda adata öwrülip gitdi. Italýanlarda «tort» sözi — «tegelek çörek» diýen manyny aňladýar. Dünýäde 20-nji iýul Halkara tort baýramçylygy hökmünde bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk her ýyl «Men seniň ýanyňa tortly barýaryn» şygary bilen geçirilýär. Baýramçylygyň süýjülik torty bilen bagly bolmagy adamlaryň, halklaryň arasyndaky dostlugy, süýji gatnaşyklaryň mizemezligini, şol babatda abadan, asuda durmuşy şöhlelendirýär.

Maşgala terbiýesiniň aýratynlygy

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynda ýaş nesliň terbiýesi uly orny eýeleýär. Bu bolsa her birimize döwrebap garaýyşly gözleglere girişmäge esas berýär. Häzirki wagtda ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ata-babalarymyzdan miras galan milli terbiýäniň taryhy köklerini öwrenmäge, terbiýeçilik işindäki däplerimizi bir ýere jemlemäge we döwrümiziň talaplaryna laýyk ösdürmäge giň ýol açyldy. Terbiýe — bu adamyň öz ýaşaýan jemgyýetiniň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, özüňi alyp baryş kadalaryny hem-de medeniýetini özleşdirmäge gönükdirilen ösüşidir. Şol ösüşiň ilkinji basgançagy bolsa maşgalada gurulýar, çagany terbiýelemekde maşgala esasy düzümleriň biri bolup durýar. Ýaşlaryň ähli zatda maşgala däplerine eýerýändikleri, ata-enelerinden görelde almak bilen, olara meňzejek bolýandyklary maşgalanyň jemgyýetiň ösüşindäki möhüm ornuny kesgitleýär. Ata-enäniň gylyk-häsiýeti, olaryň gatnaşyklarynyň nusgasy, ruhy derejeleri, ahlak sypatlary, dünýägaraýyşlary çagalar tarapyndan kabul edilýär. Çagalaryň gören göreldesi, alan nesihatlary bolsa, olarda daş-töwerek bilen gatnaşyklar babatda garaýyşlary kemala getirýär. Maşgalada milli däpler esasynda berilýän terbiýe olaryň jemgyýet üçin oňat adamlar bolup ýetişmeklerine, durmuşda dogry ýoly saýlap almaklaryna hem-de zyýanly endiklerden gaça durmaklaryna kömek edýär.