NAÝBAŞY GYMMATLYKLARYŇ MERKEZI

20 Oktýabr 2021
1320

2021‑nji ýylyň 21-nji aprelinde paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkez milletiň baý mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işleriň mynasyp dowamy boldy. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejesinde ösdürmek boýunça häzirki döwürde ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň taryhy gelip çykyşyny, şu günki günlere gelip ýetişini we milli aýratynlyklaryny ylmy esasda düýpli öwrenmek boýunça ähli şertler döredilýär. Türkmen alabaýy dostlugyň we wepalylygyň halkara nyşanyna öwrülýär. Ajaýyp, gözelligi boýunça kämil behişdi bedewlerimiz hem-de edermen alabaýlarymyz ähli döwürlerde türkmen halkynyň wepaly dostlary, buýsanjy we baýlygy hasaplanyp gelindi. Bu gün gadamy batly ahalteke bedewi hem-de gaýduwsyz alabaýlarymyz düýpli özgertmeler we ösüş ýolunda uly üstünlikleri gazanýan Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Täze merkezi binanyň birinji gatynda muzeý ýerleşdirilip, onda tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolan ahalteke bedewleriniň we özüniň ajaýyp häsiýeti bilen ýurdumyzyň çäkleriniň daşynda hem meşhurlyk gazanan alabaýlaryň özboluşly heýkelleri we olaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan nakgaş eserleri, ahalteke bedewleriniň we alabaýlaryň şekilleri çitilen halylary görmek bolýar, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» goşgusynyň hala çitilen nusgasy muzeýiň görküne görk goşýar. Merkeziň baý kitap gaznasynyň bardygyny bellemek gerek. Kitap hana doly derejede kompýuterleşdirilen. Munuň özi okyjylara elektron kitaphana serişdelerine, ylmy we usulyýet edebiýatlaryna bolan elýeterliligi üpjün edýär. Şeýle hem bu ýerde ahalteke bedewlerine we alabaýlara bagyşlanan döwürleýin metbugat neşirleri bar. Mundan başga-da, kitaphanadaky ýörite internet-saýtlarynyň, olaryň üsti bilen metbugat neşirleri, «Behişdi ahalteke atlary» we «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnallarda ýerleşdirilen makalalar, gyzykly maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligi döredilen. Şeýlelikde, bu ýerde hünärmenleriň atşynaslyk we itşynaslyk babatda netijeli işlemekleri, alymlaryň ahalteke bedewleridir türkmen alabaýlary baradaky bilimlerini artdyrmaklary üçin ähli zerur şertler döredilen. Bu bolsa degişli ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini üpjün edýär.Binanyň ikinji gatynda merkeziň iş otaglary işgärleriň netijeli işlemegi üçin zerur bolan esbaplar bilen üpjün edilip, olaryň ygtyýarynda kompýuterler we beýleki degişli enjamlar bar. Merkeziň maslahatlar zaly we ýöriteleşdirilen otaglary häzirki zaman talaplary nazara alnyp, maksadalaýyk enjamlaşdyrylyp, bu ýerde mejlisleri, beýleki çäreleri hem-de halkara häsiýetli forumlary geçirmek, şol sanda onlaýn tertipdäki halkara duşuşyklary, ähmiýetli maslahatlary guramak, olary sanly ulgam arkaly dünýä ýaýmak üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar. Şol gün Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi edarasynyň mejlisler zalynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň I mejlisi geçirildi. Oňa birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we Aşgabat şäherindäki agzalary
hem-de daşary ýurtlardaky agzalary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibi boýunça Hal kara guramanyň Tertipna masynda «Assosiasiýasynyň başlygy» we «Assosiasiýanyň başlygynyň orunbasary» diýen sözleri «Assosiasiýanyň Prezidenti» we «Assosiasiýanyň wise-prezidenti» diýen sözler bilen çalyşmak boýunça Tertipnama üýtgetmeleri girizmek, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň guraýan halkara bäsleşiginiň ýeňijisine gowşuryljak «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly medaly mdöretmek we onuň Düzgünnamasyny hem-de Ýazgysyny tassyklamak, Assosiasiýa ýerli we daşary ýurtly täze agzalary kabul etmek, şeýle hem assosiasiýanyň nobatdaky II mejlisini
2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde geçirmek ba radaky teklipler öňe sürüldi. Mejlise gatnaşyjylaryň ses bermekleriniň netijesinde, bu teklipler biragyzdan goldanyldy. Soňra Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli has tapawutlanan atşynaslara we itşynaslara «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi», «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» hem-de «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Döwlet sylagyna we hormatly atlara mynasyp bolanlar sylaglaryny uly buýsanç, egsilmez tolgunma bilen kabul edip, olar zähmetlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Soňra  Türkmenistanyň  Milli Geňeşiniň  Başlygy G.Mämmedowa Türkmen alabaýynyň baýra my mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady. Mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen dabaraly ýagdaýda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýolbaşçysyna döşe dakylýan nyşan we şahadatnama gowşuryldy. Assosiasiýanyň ýolbaşçysy özüniň alyp barýan işine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we mundan beýläk-de hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, dünýä ýüzünde türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny hasda belende galdyrmak boýunça assosiasiýanyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirjekdigi, bu halkara guramanyň agzalary bilen bilelikde ähli gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekjekdigi hakynda ynandyryp, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň we ýurdumyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Aýgül AŞYROWA
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.