SÖZDEN DIKILEN HEÝKEL

20 Oktýabr 2021
912

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabyna hem-de adybir goşgusyna ýürek sözi.Köneler täze dünýä inen iňňä bäbejigiň, ýap-ýaňy tamdyrdan çykan gyzgyn çöregiň, Nowruzy buşlap açylan now gülüň ysyny jennetiň ysyna deň görüpdirler. Bu aýdylanlara ýap-ýaňy çapdan çykan kitabyň ysynyň-da dahyllydygy barada oýlanýaryn, ynha, hormatly Prezidentimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitabynyň gatyny açyp oturyşyma.Bu duýgular, näme üçindir, maňa it ýylynyň – 2018-nji ýylyň bosagasynda paýtagtymyzda türkmen alabaýynyň – Wepalynyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşan pursatlarymy ýatlatdy. Alabaýyň heýkeli we alabaý baradaky kitap. Aslynda, olaryň ikisi-de bir zat ahyry. Bu kitap, hakykatdan-da, türkmeniň wepaly alabaýyna Sözden dikilen heýkel! Ylahy heýkel! Söz bolsa alyslara galýan ýeke-täk närse dälmi näme?! Elbetde, kitapda-da giňişleýin beýan edilişi ýaly, alabaý – türkmeniň asyrlaryň dowamynda hemra bolup gelen wepaly dosty, syrdaşy. Şeýle-de bolsa, ol barasynda milli Liderimiziň “Türkmen alabaýy” eseri ýaly şeýle köpgyraňly, şeýle derejeli kitabyň häzire çenli ýazylmandygyny aýdan ýagşy. Bu Söz – öňde-soňda hut türkmeniň dünýä ýetirmeli Sözi! Bu Söz – hut türkmen Lideriniň dünýä ýetirmeli Sözi! Bu Söz hem-ä tamdyrdan ýaňy çykan çörek deý täze Söz, hemem türkmen alabaýynyň müňlerçe  ýyllyk taryhyna barabar gadymy Söz! Kitapda ynsan ilki tüm Zemine gelende, onuň daşyny her hili jandarlaryň gurşandygy, şonda oňa duýgudaşlygyny bildireniň hut itler bolandygy baradaky tymsaldan ugur alanyňda-ha, bu kitap adam oglunyň bu dünýäde geçen tutuş ýoluna özboluşly syn bolup görünýär. Şol bir wagtyň özünde-de bu eser hormatly Prezidentimiziň buýsanjymyz we şöhratymyz, gadamy batly ahalteke bedewi, Arşyň nepisligi, Zeminiň janly rowaýaty bolan türkmen halysy, durnalary gonduran aýdym-saz sungaty... ýaly, türkmeni türkmen edýän milli gymmatlyklarymyza bagyşlan eserleriniň mynasyp dowamydyr.Hawa, Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz bu kitap bilen adybir goşgusyny hem döredendigini aýtdy. Bize ol goşgynyň ilkinji diňleýjileri bolmak bagty miýesser etdi. Şygyr – göwnüň telwasy. Iň şirin, iň nurana, iň inçe duýgularyň iň çeper görnüşde ýüze çykmasy! “Türkmen alabaýy” ýaly goşgyny bolsa diňe şol duýgular il-günüňe uly buýsanç, onuň mirasyna bolan çirksiz hem çäksiz söýgi bilen utgaşanda ýazyp bolar. Şol söýgini, buýsanjy biz milli Liderimiziň bu goşgyny kalbynyň ymgyr joşguny, şahyranalygy bilen ýetiren labyz-äheňinde hem ýürekden duýduk. Bu goşguda “agramyna altyn berlen” “geçmişiň janly ýadygärliginiň” – türkmen alabaýynyň “dünýäni jadylan waspy” belent aýdym bolup ýaňlanýar! Alabaýyň syzgyrlyk, düşbülik, wepalylyk, batyrlyk ýaly häsiýetleri özünde jemländigi ony döredip-taplap, sungat derejesine ýetireniň hut türkmenlerdigine şek-şübhe goýmaýar. Eýsem-de, islendik esere ony döredeniň häsiýetleri, duýgulary siňýär ahbeti! Goşgudaky: Gerek bolsa, gerçek ýaly Edermen türkmen alabaýy – diýen setirler hem bu hakykaty kemsiz tassyklaýar. Milli Liderimiz bu setirleriň harby okuw-türgenleşigi wagtynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň “Türkmen edermen” ýörite maksatly bilelikdäki toparynyň şahsy düzüminiň söweşjeň ussatlygyny synlan pursatlarynda dörändigini aýtdy. Bu toparyň nyşany-da gujurly alabaýdyr. Türkmen alabaýy! Öý-ojagyň sak goragyny berjaý kylan, aňyrsy ýalmanyp dursa-da, eýesiniň malyna agyz urmadyk, hakyna kaýyl türkmen
alabaýy! Ömri paýawlanda hem, eýesiniň ýüregine agram salmazlyk üçin, uzaklara başyny alyp gidip, göze görünmez ýerde jan beren gaýratly türkmen alabaýy! Agyr apatda gundagly bäbegi agzy bile göterip halas eden türkmen alabaýy! Bu gün ol hormatly Prezidentimiziň sarpasy, ünsi bilen dostlugyň, wepalylygyň halkara nyşanyna öwrülýär. Oý-pikirler, ýatlamalar meni 2017-nji ýylyň 11-nji oktýabryna alyp gidýär. Milli Liderimiziň şol gün özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putine dostlukly gatnaşygyň nyşany hökmünde Wepaly atly türkmen alabaýynyň güjügini sowgat beren pursady ýadyňyzdadyr. GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitini beýan etmäge Soçi şäherine ýygnanan žurnalistleriň hatarynda bize bu pursadyň gözli şaýady bolmak miýesser edipdi. Gymmatly sözler milli gymmatlyklaryň dili bilen aýdylanda, başgaça bolaýar eken. Bu waka media merkeziniň gyzygyny-gyzgalaňyny artdyrdy. Kitabyň üç dilde – rus we iňlis dillerindäki nusgalarynyň hem bolmagy türkmen alabaýyna halkara derejede barha artýan gyzyklanma bilen baglanyşyklydyr. Eýsem, bu eserler bilen birlikde, bizi ýene-de näme begendirýär? Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň döredijilik adamydygy, çeper söze tüýs ýürekden gadyr-gymmat goýýandygy begendirýär. Ylhamyňyza bereket, Gahryman Arkadagymyz!

Kakamyrat Rejebow
Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory, şahyr.