USSADYŇ IŞINDE ALABAÝYŇ KEŞBI

18 Oktýabr 2021
680

Şaýat bolşuňyz ýaly, türkmen alabaýy halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde sungatyň ähli görnüşinde öz beýanyny tapýar. Munuň aýdyň mysalyny bolsa heýkeltaraşlyk sungatynda göräýmeli. Türkmen alabaýynyň keşbi siňen heýkeller ýurdumyzyň belli-belli ýerleriniň bezegine öwrülip, halkymyzyň ruhy şatlygyny goşalandyrýar. Bu göreldeli işde özüniň çuň zehini, çyn zähmeti bilen gadyr tapan, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň adyny nygtap geçmek ýerlikli bolsa gerek. Ýöne biz aýny wagtynda öz işiniň ussady Saragt aganyň adyny diňe belläp geçmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň bilen söhbetdeş bolmagy-da göwnemakul hasapladyk. Saragt Babaýewiň dürli şahsyýetleriň, hadysalaryň, gymmatlyklaryň... keşpleri siňen ululy-kiçili heýkellerden ybarat ussahanasyna barmazdan öňinçä, onuň türkmen alabaýlaryna bagyş eden birnäçe işlerine syn etdik. Olarda nähilidir bir näadatylyk bar. Olaryň hikmeti, megerem,ussadyň ýatlamalarynda saklanandyr...Şeýle pikirlere güýmenip, bärden barsak, biziň maksadymyzy aňan ýaly, Saragt aga iş üstünde, aýratynam türkmen alabaýlaryna bagyşlanýan täze işiň üstünde gümra eken. Tüýs bagty gelen bolduk. Uzak hal-ahwal soraşmadan soň, söhbetdeşlige başladyk. Bu söhbetdeşligi ýazmakdan baş maksadymyzyň türkmen alabaýlarynyň keşbi siňen heýkeller hakyndadygyny aňan ussat gürrüňi şondan başlady. «Hawa, alabaýlar hakynda gürrüň edilmeli bolsa, meniň-ä, ilkinji nobatda, çagalygym, obam, çopan durmuşy ýadyma düşýär. Çopan durmuşynyňam aýrybaşga lezzeti bar. Muňa men daş- gulakdan eşiden gürrüňlerime görä däl, ýetginjekkäm çopana çoluk bolup iki ýyl ýaly çölde bolamsoň, özüm gözli şaýat. Ýadymda, käwagt goşda ýeke özüm galmaly bolýardym. Ana, şol günlerde meniň hemram, çyn ýoldaşym türkmen alabaýy boldy. Aýsyz gijeleriň tüm garaňkysynda maňa hemra bolan alabaýyň şol döwürlerde kalbyma salan dostana mähri maňa indi-indi döredijiligimde täzeçillik hökmünde ýardamçy bolýar». Bu gürrüňleriň hakykata näderejede ýakynlygyny bilmek üçin halypanyň türkmen alabaýlaryna bagyşlan eserlerine syn etmek ýeterlik. Hakykatdanam, Saragt aganyň türkmen alabaýlaryna bagyşlap döreden eserleriniň hemmesinde dostanalyk äheňindäki birmeňzeş, şol bir wagtyň özünde-de aýrybaşga bölekler bar. Munuň sebäbini soranymyzda, halypa özüniň iş ussatlygyndan gözbaş alyp, alabaýlaryň keşbini döretmekde nämelere üns bermelidigi hakyndaky gürrüňlere başlady. «Islendik bir eseri döretmekçi bolanymda, men şol eseriň gahrymanynyň esasy alamatyny göz öňüme getirmekçi bolýaryn. Bu iş meniň üçin esasy. Çünki islendik bir zadyň esasy, özeni, düýbi bolýar. Türkmen alabaýlaryna bagyşlanan eserlerimde, üns beren bolsaňyz, olaryň hemmesinde esasy aýratynlyk: başy, gulagy, guýrugy». Hakykatdanam, halkymyzyň buýsançly gymmatlygy hasaplanýan alabaýlarymyzyň esasy aýratynlyklary hem şolardan ybarat. Bu hakynda maglumatlar ylmy edebiýatlarda diýseň kän. Halypa, şolardan habarlydyr, ýogsa keşpleri döretmekde özen hökmünde bu aýratynlyklary alman, tutuş jisimi nazarlardy. «Ynansaňyz, bu janawarlaryň ganynda üýtgeşik bir üşüklilik bar. Seniň şatlygyňy duýup, hasratyňy syzyp bilýär. Muny sözümiziň başynda ýatlap geçen çoluk durmuşymdan mysal tutup aýdýaryn. Bir gezek goşda ýeke özüm ýatmaga gorkup, ukusyz, oýa geçiren gijäm boldy. Şol uzak gijä diňe çirim etmän diýen ýaly aýak üstünde duran alabaýym şaýat. Milleti millet derejesine göterýän gymmatlyklar bolýar. Ol maddy hem bolup biler, maddy dälem. Biziň maddy gymmatymyz hasaplanýan türkmen alabaýlaryna berilýän ünsi görüp, bu gün dörediji kalbym ýene-de joşa gelýär. Nesip bolsa, türkmen alabaýlaryna bagyşlap ýene-de ençeme eserleri dörederin. Elbetde, işlemäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Arkadagymyzyň saýasynda.Pursatdan peýdalanyp, ähli pudagy deň derejede öňe ilerledýän milli Liderimize sagbolsun aýdasym gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun!». Bu joşgunly kanagatlanma duýgusyndan soňam Saragt aga bilen köpöwüşginli gürrüňler etdik. Emma kalby beýik ynsanlar hakyndaky söhbet soňlanmaz diýlişi ýaly, halypanyň gürrüňleri sahypa sygardan has giň. Çünki zehin zähmete ýugrulanda, elmydama şeýle bolýar...

Maksat HUDAÝBERDIÝEW
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.