"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylygy-zurnaly@online.tm

Habarlar

Innowasiýalar — kämilligiň binýady

Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi onuň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy şertidir. Ilatyň aň-paýhas mümkinçilikleriniň artdyrylmagy ýurduň ähli babatda ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Ylmyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm orny eýeleýändigi üçin ýurdumyzda ýokary hünärli ylmy işgärleriň, ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyny belleýär. Eziz Watanymyzda sanly bilimiň häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda ýaş hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Halkara gatnawlar boýunça petekleriň onlaýn satuwy başlady

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň mart aýy üçin Aşgabatdan halkara ugurlara howa peteklerini onlaýn satyp başlady. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. Bu ugurlara petekler satuwa çykarylýar. Bu ugurlara «Boeing» uçarlary hyzmat edýär.

Tehnologiýalar äleminde

Täsin çemedan Meşhur fransuz «Kabuto» kompaniýasy özüniň täze önümi bolan «Kabuto Trunk» atly täsin çemedanyny hödürleýär. Işläp düzüjileriň aýtmaklaryna görä, «Kabuto Trunk» dünýädäki ilkinji biometrik gulply tigirçekli çemedandyr. Onuň eýesine çemedany açmak üçin açar, kod ýa-da programma gerek däldir. Çemedanyň gulpuny açmak üçin barmagyňy gurnalan skaýnere basmak ýeterlikdir. Skaýner on barmaga çenli ýatda saklamaga ukyplydyr.

«Kökçi» hojalyk jemgyýeti akkumulýator öndürýär

Akkumulýator önümçiligi bilen adygan «Kökçi» hojalyk jemgyýetinde öndürilýän önümler içerki bazary doly üpjün etmek bilen, goňşy döwletlere-de eksport edilýär. Kompaniýa akkumulýatorlary ýakyn geljekde Azerbaýjana hem eksport edip başlar. Bu ugurda häzirki wagtda işewürlik geleşikleri baglaşylýar. Türkmenabat şäherindäki «Kökçi» hojalyk jemgyýeti geljekde hem önümçiligiň kuwwatyny iki esse artdyrmagy, täze haryt nyşanly akkumulýatorlary öndürmegi, içerki we daşarky bazarda hyzmatdaşlarynyň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär. Bu babatda kärhanada Hindistandan, Hytaýdan ýokary kuwwatlylykly täze enjamlar getirilip, olary gurnamak, önümçilige ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Ýaşlarda gujuram bar, gaýratam

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag-ýol ulgamynda Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde uly ösüşler gazanylýar. Güneşli Diýarymyzyň şäherlerinde we obalarynda halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary amatlylykly awtobuslar, taksiler ýolagçylara hyzmat etseler, kuwwatly ulaglar halk hojalygy üçin ähmiýetli bolan ýükleri daşaýarlar. «Türkmenawtoulag» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde hem ilat üçin hyzmatlaryň ähli görnüşleri ýokary derejede ýola goýuldy. Önümçilik birleşigimiz 2020-nji ýylyň zähmet görkezijileri boýunça ýurdumyzyň ugurdaş kärhanalarynyň arasynda iň göreldeli kärhana adyna eýe bolupdy. Bu hormatly at işdeş ýoldaşlarymyzyň zähmet öndürijiligini asla gowşatmazlyga borçlandyrdy. Ýyl geçdigisaýyn sürüjilerimiz öz yhlasly zähmetleri bilen bu ada ýöne ýerden mynasyp bolmandyklaryny subut edýärler. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde önümçilik birleşigimizde ilata edilýän hyzmatlaryň hili barha ýokarlanýar. Kärhanamyzda, esasan, hyzmatyň iki ugry, ýagny ýük daşamak hem-de ýolagçy gatnatmak işleri üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Huawei Türkmenistanyň telefon ulgamynyň giňelmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna gatnaşar

Hytaýyň Huawei Technologies kompaniýasy Aşgabatda we ýurduň sebitlerinde durnukly telefon ulgamyny giňeltmek taslamasynyň çäklerinde enjamlar, programma üpjünçiligi we ygtyýarnamalar bilen üpjün eder we şol sanda daşama, gurnama, işe girizmek we tehniki goldaw işlerini ýerine ýetirer. Taslama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan amala aşyrylýar we täze sanly telefon beketleriniň gurulmagyny, Gigabit PON tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagyny we bar bolan telefon ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar, bu bolsa ýokary tizlikli internet, IP-TW ýaly häzirki zaman hyzmatlarynyň giň topary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

«Daşoguztelekom» hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirýär

«Daşoguztelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasyny tarapyndan geçen ýyl welaýatda meýilnama boýunça göz öňünde tutulan 3400 telefon nokadynyň ýerine olaryň 4655-si ornaşdyryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Geçen ýyl kärhananyň işçi-hünärmenleri tarapyndan welaýatyň ähli ýerlerinde ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmäge mümkinçilik berýän sanly aragatnaşyk beketleri oturdyldy. Netijede, häzirki wagtda iň çetki obalaryň ilaty hem sanly aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýar. Welaýatyň çäginde täze ýaşaýyş jaýlarynyň artýandygy ilatyň öýlere çekilen hem-de internet ulgamyna birikdirilen telefon nokatlaryna bolan islegi hem ýokarlanýar.

Elektron neşirler hakynda söhbet

San­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri elekt­ron ne­şir­le­riň sa­ny­nyň art­ma­gy­na giň şertleri açyp ber­ýär. Çap edi­lip ýaý­ra­dyl­ýan ga­zet-žur­nal­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, elekt­ron ne­şir­le­riň wa­ka­la­ry oky­jy­la­ra tiz ýe­tir­mek­de, ha­bar­la­ryň mö­hüm­li­gi­ni sak­la­mak­da we el­ýe­ter­li­li­gi ba­bat­da ar­tyk­maç­ly­gy bar­dyr. Şol ar­tyk­maç­lyk­lar hak­da gi­ňiş­le­ýin ta­nyş­dyr­ma­gy ma­kul bil­ýä­ris. Elekt­ron ne­şi­re abu­na ýa­zy­lan oky­jy, bir no­kat­dan baş­ga bir no­ka­da gi­dip, ga­zet-žur­nal sa­tyn al­ma­ly bol­maz, diý­mek, wag­ty­ny tyg­şyt­lar.

«Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly­nyň tä­ze sa­ny çapdan çykdy

«7/24. tm», № 03 (138), 16.01.2023 «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly­nyň tä­ze sa­ny «Tä­ze ýyl – tä­ze eý­ýäm» at­ly ma­ka­la bi­len açyl­ýar. On­da hor­mat­ly Pre­zi­den­timiz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän, ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­na we he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­na esas­lan­ýan da­şa­ry we içe­ri sy­ýa­sa­tyň mö­hüm ugur­la­ry bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.

Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynyň web saýtynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça täze wideo sapaklar ýerleşdirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň web saýtynda hünärmenleri taýýarlamak maksady bile, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça birnäçe wideo sapaklar ýerleşdirildi. Wideo sapaklar sanly özgertmeleri netijeli durmuşa geçirip bilýän döwlet işgärlerini taýýarlamak maksady bilen, ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) «Has gowy dolandyryşy goldamak» taslamasynyň goldawy bilen işlenilip taýýarlanyldy. Wideo sapaklaryň üsti bilen maglumat-aragatnaşyk we kompýuter tehnologiýasynyň esaslary barada giňişleýin düşünje almak mümkin. Bu wideo sapaklar gysga wagtyň dowamynda tematiki düşünjeleri we adalgalary özleşdirmäge ýardam edip, degişli ugurda hünär bilimi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Maglumat ykdysadyýetinde zähmet bazary

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak boýunça dünýä ýurtlarynda durmuşa geçirilýän strategiýalar innowasion kärhanalaryň döredilmegini, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlanmagyny, oňaýly jemgyýetçilik gurşawynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şonuň netijesinde sanly tehnologiýalar durmuş-ykdysady ulgamyň özgermegine düýpli täsir edýär. Ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagyň netijeli ýoly hasaplanylýan sanly özgertmeler şol bir wagtda zähmet bazarynda ýagdaýyň üýtgemegine-de getirýär. Sanly hyzmatlar ulgamynda işleýänleriň sanynyň artmagy, maglumatlary döretmek, gaýtadan işlemek, alyş-çalyş etmek, seljermek bilen baglanyşykly täze kärleriňdir hünärleriň döredilmegi ýurtda ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylan görnüşine geçilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşýan Türkmenistanda ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Hususan-da, häzirki döwürde dünýä giňişliginde bolup geçýän sanly «böwsüş» hadysasyna goşulyşmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr.

Tehnologiýa äleminde

Elýeterli enjam Smartfonyň 8 GB-ly operatiw, 128 GB-lyk we 1T  barabar goşmaça ýatly, akkumulýatorly boljakdygy bellenildi. Enjam 13MP+2MP-lik goşa arka kameralary hem-de haýran galdyryjy suratlar we selfi düşürmeklige niýetlenen 5MP-lik kamera bilen üpjün ediler. Smartfona «PLS» hilli 6,5 dýuým göwrümli ekranyň ýerleşdiriljekdigini «Samsung» kompaniýasynyň Hindistandaky mobil biznesi boýunça direktory Rahul Pahwa belleýär. Bu smartfonyň başlangyç bahasy 105  amerikan dollaryna barabar bolup, ol 2022-nji ýylyň 16-njy dekabryndan satuwa çykarylyp başlandy.

Ýolagçy otly peteklerini täzelenen mobil goşundysy işe girizildi

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy otly gatnawlaryna petekleri onlaýn satyn almak üçin täzelenen mobil goşundysyny hödürleýär. Goşmaçalar girizilen we üsti ýetirilen täze mobil goşundysyny «Play Market» mobil goşundylar platformasyndan, şeýle hem railway.gov.tm web-saýtynyň üsti bilen ykjam telefonlaryňyza ýükläp alyp bilersiňiz. Android ulgamlary üçin niýetlenen täze mobil goşundysy ýolagçy otly peteklerini onlaýn görnüşde satyn almak üçin amatly we üsti ýetirilen mümkinçilikleri hödürleýär. Täzelenen «Railway» mobil goşundysy iň täze we köne Android ulgamly enjamlarda ýeňil işleýändigi bilen tapawutlanýar. Onuň kömegi bilen ýolagçy otly peteklerini oturan ýeriňizde amatly we tiz usulda onlaýn satyn alyp bilersiňiz.

Talyplaryň taslamasyna maýa goýulýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň AGCO maýa goýum gaznasy Şweýsariýanyň Bern uniwersitetiniň ylmy gözleglerine uly mukdarda maýa goýýar. Bu serişdeler haşal otlaryň ösüp ýetişmegine we köpelmegine gözegçilik edýän kinniwanja robotlaryň önümçiligi üçin sarp ediler. Uniwersitet maýa goýum gaznasy bilen bilelikde amala aşyrjak taslamasynda, esasan, bakalawr we magistr bölümlerinde okaýan talyplaryň ukybyna we zehinine bil baglaýar. Eýýäm robotlaryň ilkinji nusgalary taýýar.

Taýwanda akylly roboty işe girizdiler

Çaý we kofe Taýwanda esasy ekinler bolup, olardan döwlete oňat girdeji girýär. Innowasion tehnologiýanyň kömegi bilen ekologiýa zyýan ýetirmezden, olary ösdürip ýetişdirmek üçin çykarylýan harajatlary azaldyp, girdejini artdyrmaga mümkinçilik bar. Ýurduň oba hojalyk birleşiginiň Milli derňew we çaýy ýaýradyjy merkeziniň hünärmenleri tarapyndan haşal otlary aýryp bilýän hem-de kofedir çaýa ösüş döwründe berilýän agrohimiki dökünleriň mukdaryny azaldyp, täze döküni bermäge ukyby bolan robot döredildi we taýwanly fermerlere hödürlenildi. Merkeziň direktory Su Sunçeniň aýtmagyna görä, bu robot çaýy ösdürip ýetişdirmekde çykarylýan umumy çykdajynyň 30 göterimini azaltmaga ýardam edýär.

Geçen ýylyň 4-nji çärýeginde «Samsung»-yň girdejisi peseldi

Deslapky maglumatlara laýyklykda, Koreýa Respublikasynyň «Samsung Electronics» kompaniýasynyň girdejisi 2022-nji ýylyň dördünji çärýeginde 2021-nji ýylyň degişli döwrüniň 13,67 trillion wony bilen deňeşdirilende, 58 göterim pese düşdi we 5,9 trillion wona (ABŞ-nyň 4,62 milliard dollary) barabar boldy. Bilermenleriň pikirine görä, inflýasiýanyň ýokary bolmagy we bank hyzmatlarynda göterim derejesiniň ösýändigi sebäpli smartfon öndürýän kompaniýalar ýat çiplerini sargyt etmeklerini wagtlaýyn togtadýarlar, çykdajylaryny we maýa goýumlaryny azaldýarlar. Häzirki wagtda «Samsung» dünýäde iň iri ýat çiplerini öndürýän kompaniýa bolmagynda galýar.

Sanly ykdysadyýet — aragatnaşyk ulgamynyň möhüm şerti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň belent başlangyçlary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi bilen türkmen ýaşlaryna dünýä derejesinde ylym-bilim almaga amatly şertler döredilýär. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamak babatynda innowasion tehnologiýalary we okatmagyň interaktiw usullaryny ornaşdyrmagy dowam etmek, şeýle hem döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen okuw otaglary we ylmy-barlag tejribehanalar arkaly bilimiň ýokary hilini gazanmak işleri yzygiderli ýola goýulýar. Ykdysadyýetimiziň senagat toplumynyň güýçli depginler bilen ösmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşjak geljekki hünärmenlere bu günki gün ýokary okuw mekdebinde häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän enjamlarda, şeýle hem dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan tejribehanalarda tejribelik okuwlarynyň döwrebap geçirilmegi, talyplaryň nazary bilimleriniň has-da kämilleşmegine uly şert döredýär. Sanly ulgama daýanýan okuw sapaklarynda talyplar hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň senagatynyň täze ösüşlere eýe bolmagy üçin önümçilige ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalar, şeýle-de sanly ykdysadyýetimiziň ösüşleri barasynd

Çaparçylyk hyzmatlary

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň raýatlaryna «Salgydan-salga» çaparçylyk hyzmatyndan peýdalanmagy hödürleýär. Bu hyzmat ilata ýetirilýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmagy we kärhananyň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy nazarda tutmak bilen, kompaniýanyň umumy maksatlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Türkmenistanda mobil aragatnaşyk hyzmatlary kämilleşdiriler

«Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti indi ýigrimi ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny mobil aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün edip gelýär. Bu kompaniýa 2004-nji ýylda döredildi. «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň tutuş ýurt boýunça mobil aragatnaşygyň dürli ugurlarynda 4 müňden gowrak iberiş we kabul ediş bekedi bar. Jemgyýetiň hünärmenleri Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, ilata döwrebap, kämil hyzmatlary hödürlemegiň we täze taslamalaryň üstünde işleýärler. 

San­ly ul­ga­myň mö­hüm ugur­la­ry

Ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek, döw­re­bap müm­kin­çi­lik­le­ri dur­mu­şa or­naş­dyr­mak esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­dir. San­ly bi­lim ul­ga­my san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm pu­da­gy­dyr. Şu­nuň ne­ti­je­sin­de wag­ty tyg­şyt­la­mak, iş ýö­re­di­li­şi­ni çalt­lan­dyr­mak, teh­no­lo­gi­ýa­ny ös­dür­mek we bu ba­bat­da ýaş­la­ryň ba­şar­jaň­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak ýa­ly esa­sy bäh­bit­ler ga­za­nyl­ýar. Şun­dan ugur alyp, ylym­ly-bi­lim­li, sag­dyn, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­zi mun­dan beý­läk hem ösüş­le­re alyp git­jek ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mä­ge, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da ne­ti­je­li zäh­met çek­mä­ge ukyp­ly hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­ga mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz halk ho­ja­ly­gy­nyň beý­le­ki ul­gam­la­ry bi­len bir­lik­de ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz top­lu­my­ny mun­dan beý­läk-de saz­la­şyk­ly ös­dür­mä­ge, pu­da­gyň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na, onuň kö­pu­gur­ly esas­da ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär. Şun­da tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we öň­de­ba­ry­jy tas­la­ma­la­ry or­naş­dyr­mak ar­ka­ly pu­dak­la­ýyn dü­zü­miň se­na­gat we eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­na hem-de döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ma­gy üs­tün­lik­