Garaşsyzlyk – türkmen halkynyň milli buýsanjy

18 Oktýabr 2022
253

Garaşsyzlyk baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dabarasy uludan tutulýan baş baýramymyza öwrüldi. Garaşsyzlyk baýramy halkymyz üçin iň naýbaşy baýramlaryň biri bolup, eziz Diýarymyzyň berkararlygyny hem-de milli bitewüligini şöhratlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň şu günki bagtyýar we geljekki röwşen durmuşy barada edýän aladasy, parasatly ýoly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany has-da kuwwatly döwlete öwürmekde täze üstünliklere ruhlandyrýar. Sarsmaz binýadynda milletimiziň köpasyrlyk agzybirlik, abadançylyk, asudalyk, dost-doganlyk ýörelgeleri goýlan kuwwatly döwletimiz 31 ýyl bäri özygtyýarlylyk, erkanalyk, özbaşdaklyk ýolunda bedew batly ösüşlere beslenip, täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar.

Garaşsyzlygyna eýe bolan merdana halkymyz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ykrarnamasy hökmünde Döwlet baýdagyny we Döwlet tugrasyny döretdi. Şöhratly we gahrymançylykly taryhyny, asylly däp-dessurlaryny, milli mirasyny we ynsanperwer ýörelgelerini dikeltdi. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuw-islegleri Garaşsyzlyk ýyllarynda hasyl boldy. Döwletimiziň taryhynyň iň şöhratly sahypalary Garaşsyzlyk döwründe ýazyldy. Çünki eziz Watanymyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, görlüp-eşidilmedik ösüşleri gazandy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, düýpli özgerdi we täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala geldi.

Beýleki habarlar