Sagdynlygyň mekany

18 Oktýabr 2022
260

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni uly ruhubelentlige beslenip bellenilýär. Bu baýramçylygyň döredilmegi beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmäge, ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmäge, ýurdumyzyň esasy baýlygy bolan halkymyzyň saglygyny goramakda yzygiderli zähmet çekýän, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmagy özlerine belent borç edinýän saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerine hormatly Prezidentimiziň hem-de halkymyzyň goýýan belent sarpasynyň aýdyň subutnamasydyr.

Eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasaty işjeň durmuşa geçirilýär. Ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmek bu günki gün baş wezipe hökmünde kesgitlendi.

Beýleki habarlar