Halkara hyzmatdaşlyk

18 Oktýabr 2022
456

Türkmenistan döwletimizde şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň yzysüre bellenip geçilýän hünär baýramçylygy — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga ýardam berýän iň iri we abraýly forumlaryň birine öwrüldi.

Sergä Hökümetiň, Milli Geňeşiň agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri gatnaşdylar. Halkara sergisi önümleri ilerletmek, işewürligi ösdürmek, bazary öwrenmek, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan hünärmenler bilen duşuşmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Beýleki habarlar