Halkymyza toý sowgady

18 Oktýabr 2022
209

Eziz Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramak meselesine uly üns berlip, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygar öňe sürülýär we her ýyl saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramçylygy giňden bellenilýär.

Ýurdumyzda bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň ХIV jildi halkymyza gowuşdy. Bu ajaýyp kitabyň neşir edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň türkmen lukmanlarynyň hünär baýramçylygyna, tutuş halkymyza hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine özboluşly sowgady boldy.

Beýleki habarlar