Başlangyç synp okuwçylarynyň iýmitleniş ýagdaýlary

18 Oktýabr 2022
231

Halkyň saglygyny berkitmek, çydamly, fiziki we ruhy taýdan taplanan ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek milli lukmançylyk ylmynyň wajyp meseleleriniň biridir. Çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramakda ileri tutulýan ugurlara, şol sanda olar üçin hemmetaraplaýyn iň gowy başlangyç şertleriň we mümkinçilikleriň döredilmegine, olaryň ruhy we beden saglygyna, semizligiň we ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreleriň geçirilmegine aýratyn uly üns berilýändigi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bellenip geçilýär [1].

Soňky wagtlar dünyäde çagalarda artykmaç agramlylyk we semizlik has köp duş gelip başlady. BSGG çagalardaky artykmaç agramlylygy XXI asyryň iň bir uly we örän wajyp meseleleriniň biridigini belleýär [5, 6]. Ýyl-ýyldan semizlik meselesiniň wajyplygy has-da artýar. Çagalarda duş gelyän artykmaç agramlylyk we semizlik uly yaşly adamlara garanda has tiz yüze çykmagy we olaryň yaşayyş şertlerine, iymitlerine bagly bolmagy çagalarda semizligiň çalt ýaýramagyna esas döredýär. Ösen ýurtlarda çagalarda we ýetginjeklerde duş gelyän artykmaç agramlylyk we semizlik hasam ýygy duş gelip başlady. BSGG-niň maglumatlaryna görä, Ýewropanyň çägindäki ýurtlarda 6-9 yaşly çagalardan her 3-nji çaga artykmaç agramdan ýa-da semizlikden ejir çekýär. Beýik Britaniýada - 20%, Ispaniýada - 27%, Gresiýada - 31%, Italiýada - 36%, Russiýa Federasiýasynda her 10-njy çagada, ABŞ-da bolsa her 5-nji çagada artykmaç agramlylyk duş gelýär. Çagalarda we ýetginjeklerde duş gelýän semizligiň 50%-den gowragy 10-14 ýaşly çagalaryň paýyna düşýär, şol wagtyň özünde agram almaklygyň ýokary derejesi 5-9 ýaşyndaky çagalara mahsus bolup durýar [2, 3]. Çagalyk we ýetginjeklik döwründe artykmaç agramdan we semizlikden ejir çekýän çagalar uly ýaşda hem bu meseleden ejir çekjekdikleri subut edilen [4]. 6 ýaşynda artykmaç agramy bolan çagalaryň 50%-de ýaşynyň ösdügiçe agramy artýar, ýetginjeklik ýaşyna ýetende bolsa bu çaklama 80%-e çenli ýokarlanýar. Artykmaç agramdan ejir çekýän çagalar süýjüli diabetiň, ýürek-damar keselleriniň we beýleki keselleriň howp toparlaryna degişli bolup durýarlar [6]. Çagalarda we ýetginjeklerde duş gelýän artykmaç agramlylygyň we semizligiň ösmegine nesil yzarlaýjylyga garanda, sosial-ykdysadyýet we medeni-durmuş faktorlarynyň has-da ýokary täsirini ýetirýänligi subut edilen.

Gülaram JORAÝEWA, Maýa TAŇRYGULYÝEWA
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi
Beýleki habarlar