Iýmitleniş endikleriniň ýürek-damar keselleriniň howp faktorlaryna täsiri

18 Oktýabr 2022
617

Sagdyn bedeniň dogry we doly bahaly iýmitlenmegi ýaşaýyş üçin möhüm durmuş we saglygy goraýyş meseleleriniň biri bolup durýar [1-3, 5]. Iýmitlenmegiň bozulmalaryny ýüze çykarmak we olara düzedişler girizmek ýürek-damar kesellerini (ÝDK) anyklamakda we bejermekde möhüm ähmiýete eýedir. Iýmitiň düzüm bölekleri, hususan hem haýwan gelip çykyşly doýgun ýaglar, holesterin, şeker, nahar duzy, iýmitiň aşa kaloriýalylygy ÝDK-nyň geçişine aýdyň täsir edip biler. Soňky ýyllarda doýgun däl ýag turşularynyň, iýmit süýümleriniň, ter gök önümleriň, käbir witaminleriň we mineral maddalaryň ÝDK-nyň öňüni almakdaky ornuna has uly üns berlip başlandy. Häzirki döwürde berhiz bejergisi ÝDK-nyň bejergisiniň möhüm bölegi hasaplanylýar [4, 6]. Gelip çykyşy pes fiziki işjeňlik bilen ýokary kaloriýaly iýmitlenmä bagly bolan, ilat arasynda giňden ýaýran ÝDK-nyň esasy howp faktorlaryny: abdominal semizligi, arterial gipertoniýany, dilipidemiýany we giperglikemiýany özünde jemleýän metabolik sindroma aýratyn üns berilýär [7, 9, 10].

Işiň maksady – arterial gipertenziýaly (AG) näsaglaryň iýmitleniş aýratynlyklaryny öwrenmek we olaryň ýürek-damar keselleriniň howp faktorlary bilen arabaglanyşygyny ýüze çykarmak.

Orazgylyç ORAZGYLYJOW
M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň bejeriş beden terbiýesi, saglygy dikeldiş we sport lukmançylygy kafedrasy
Beýleki habarlar