Çagalarda miopiýanyň gaýra üzülen akymynyň ýokary tehnologiki anyklanylyşy

18 Oktýabr 2022
189

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň oftalmolog lukmanlary täze ýokary maglumat beriji sanly anyklaýyş enjamlary bilen üpjün edildi, munuň özi göz keselleriniň kliniki alamatlarynyň ýüze çykmazdan öň, başlangyç tapgyrlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi [1, 2]. Çagalarda gaýra üzülen miýopiýada gaýdymsyz görüş ýitiliginiň peselmegine getirmegi şeýle ýokary tehnologiýaly anyklaýyş usullarynyň oftalmologiki tejribä giňden ornaşdyrylmagyny talap edýär.

Miopiýa keselinde gözüň yzky böleginiň süýnmegi göz bäbeneginiň düýbüniň torly perdesiniň ähli gatlaklarynyň gaýdymsyz üýtgemelerine sebäp bolýar [3, 4]. Häzirki wagtda giňden ulanylýan usullaryň biri göz bäbeneginiň ultrases barlagydyr, ol göz bäbeneginiň aşa süýnmeginiň derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berýär [5]. Soňky ýyllarda girizilen gözüň optiki kogerent tomografiýa usuly gözüň yzky böleginde miopiki üýtgemeleri bolan çagalarda ýüze çykýan torly perdäniň we gözüň görüş nerwisiniň gurluş üýtgemelerini gistologiýa barlag usulyna ýakynlaşýan derejede derňemeklige mümkinçilik berýär [6, 7].

Gurban KARANOW, Güljemal EZIZOWA, Suraý ABDYÝEWA, Ýazgül BEGLIÝEWA, Jahan DÖWLETOWA, Altyn REJEPOWA, Güljemal DÖWLETOWA
M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň Göz keselleri kafedrasy, Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi
Beýleki habarlar