Çagalarda injik süňkleriň aşaky böleginiň az inwaziw derotasion osteotomiýasy

18 Oktýabr 2022
188

Aşaky ahyrlaryň torsion deformasiýasy – bu but we injik süňkleriniň distal bölekleriniň proksimal böleklerine görä öz okunyň daşyndaky öwrümidir. Çagalarda belli bir ýaşa çenli kadada, şeýle hem patologiýada duş gelýär. Çagalarda injik süňküniň torsion deformasiýasynyň (towlanmagy) kliniki alamaty içki rotasion ýa-da daşky rotasion komponentli ýöreýişler bilen ýüze çykýar. Kadada şeýle deformasiýalar çagalarda 6-7 ýaşyna çenli ýüze çykýar we adatça süňkleriň dogry ösmegi bilen özü-özünden geçip gidýär. Çagany arkanlygyna ýatyryp, aýagyny dyz bognunda epeniňde, dabanynyň adaty ýagdaýynda injigiň okunyň öwrüminiň derejesini kesgitlemek bolýar. Injik daban bognunyň topuk ara oky bilen buduň okunyň arasyndaky burç kadada 0°-dan 12°aralykda bolýar. Gyşarma 20°-dan gowrak bolan ýagdaýynda patologik torsiýa barada gürrüň gidip, ol adatça gowulaşmaga ýykgyn etmeýär we hirurgik bejergini talap edýär [1, 6]. Injigiň içki torsion deformasiýalary adatça beýni ysmazly we doga egridabanly çagalarda gabat gelýär [1-4]. Daşky torsion deformasiýalar dabanlaryň ýasy walgusly deformasiýasy bolan çagalarda, şeýle hem daban süňkleriniň şikesinden soňra duş gelýär [6].

Injigiň torsion deformasiýalaryny aýyrmak üçin derotasion osteotomiýa operasiýasyndan peýdalanylýar [1, 5, 6]. Injik süňkleriniň osteotomiýasy, köplenç, distal bölümlerde geçirilýär. Awtorlaryň aglabasynda hirurgiki gatyşmanyň usulyny saýlap almakda we kiçi injik süňküni kesip geçmek zerurlygynda jedelli sowallar ýüze çykýar [3, 5, 6]. Köplenç, kiçi injik süňküni kesip geçmek bilen uly injik süňküniň osteotomiýasy hem-de Kirşneriň çişleri we plastinalar bilen fiksasiýasy geçirilýär [6]. Plastina bilen fiksasiýaly açyk gatyşma uly şikeslenmegi bilen tapawutlanýar, Kirşneriň çişleri bilen fiksasiýa bolsa, süňkleiň nädogry bitip, soňundan injigiň gyşarmasyna getirip bilýär. Operatiw gatyşmanyň bu usullarynda injigiň aşaky bölegi süňk üsti dokumasyndan ýalaňaçlanyp, süňkleriň haýal bitişmeginiň mümkinçiligi ýüze çykýar. Aşgabat şäher çagalar hassahanasynyň (AŞÇH) ortopediýa bölüminde 2015-nji ýyldan başlap, injigiň torsion deformasiýasynyň korreksiýasy üçin uly injik süňküniň distal metafiziniň derejesinde süňküň az inwaziw drelli osteotomiýa usuly ulanylýar [5].

Niýaz NIÝAZOW
Aşgabat şäher çagalar hassahanasy
Beýleki habarlar