Ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döremeleri (ÝBHTD) ähli HTD-niň ösüp barýan ýurtlarda 78%-ni düzýän bolsa, ösen ýurtlarda 4,4%-ni, zenanlaryň ähli HTD-leriniň arasynda 15%-e deňdir we ähli täze döremelerden bolan ölümçiligiň sebäpleriniň arasynda 2-nji orny eýeleýär [5, 8]. Russiýada ÝBHTD HTD-niň arasynda ýygylygy boýunça 5-nji ýerde durup we ähli HTD-niň 5,2%-ni düzýär [1, 2, 4].
Häzirki döwürde 40 ýaşa çenli bolan zenanlarda ÝBHTD-den bolan keselleýjiligiň köpelýändigi we işe ukyply ýaşyndaky zenanlaryň maýyplygyny ýokarlandyrýandygy bellenilýär. Esasan, 29 ýaşa çenli bolan zenanlarda keselleýjilik has ýokary bolup durýar we ýyllyk ösüşi 2,1%-e deňdir [3, 4].