Şikesden soňky ensefalopatiýalarda kognitiw bozulmalar

18 Oktýabr 2022
162

Kelleçanak beýni şikeslerine (KBŞ) kliniki newrologiýada iň bir wajyp meseleleriň biri hökmünde seredilýär. Döwrebap jemgyýetde onuň ýygylygy aşa köp bolup, uly şäherlerde 1000 ilata 8 adama barabar bolup durýar [1]. Maýyplyga getirýän esasy sebäpleriň arasynda neýroşikesler gan aýlanyş agzalarynyň kesellerinden soň ikinji orunda durup, ol 14,5%-26%-ni düzýär [5]. Geçirilen kelle beýni şikesiniň netijeleri diňe bir lukmançylyk däl, eýsem, sosial mesele hem bolup durýar. Edebiýat çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, agyr ýapyk KBŞ-ni geçirenleriň 68%-de kognitiw işjeňliginiň bozulmagy we 3-10%-de demensiýanyň ýüze çykýanlygy bellenilýär [2, 4].

Işiň maksady – dürli agyrlyk derejelerdäki şikesden soňky ýüze çykan ensefalopatiýalarda kognitiw bozulmalaryň kliniki aýratynlyklaryny öwrenmek.

Çerkez HANNYÝEW, Aýna ANNAORAZOWA, Sahid ANNANEPESOW, Arslan MEREDOW
Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasy
Beýleki habarlar