«Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulýan wezipeleriň biri hem ýurdumyzda derman senagatyny ösdürmek bolup, ilkinji nobatda, güneşli Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümliklerden derman serişdelerini taýýarlamaklyga aýratyn üns berilýär.
Dermanlyk ösümlikleriň arasynda ähmiýeti boýunça ilkinji orunlarda durýan ösümlikleriň biri-de süýji buýandyr [1]. Onuň himiki düzümi we farmakologik täsirleri köp ýyllaryň dowamynda öwrenilip gelinýär we ylmy lukmançylyga giňden ornaşdyrylýar. Buýan köki aglaba ýurtlaryň Farmakopeýasyna girizilendir.