Ýurdumyzda alnyp barylýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatda halk, döwlet ähmiýetli işleriň her birinde adam hakyndaky alada esasy orny eýeleýär. Adam baş baýlyk we ähli ulgamlardaky ösüşiň hereketlendiriji güýjüdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly baş ýörelge öňe sürlüp, belent sepgitlere, gazanylan ägirt uly üstünliklere halkyň ruhuny galkyndyryp, döredijilikli zähmete ruhlandyryp, raýatlaryň sagdyn, ruhubelent, abadan durmuşda ýaşamagy üçin ählitaraplaýyn tagalla edilýär.
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde we dünýä derejesine çykarmakda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 27 ýyl doldy. Bu maksatnama raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda esasy ýol-ýörelgeleri kesgitleýär. Ilatyň saglyk baradaky düşünjesini ýokarlandyrmak bu maksatnamanyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. Maksatnamanyň esasynda dünýä ylmynyň we tejribeleriniň biziň şertlerimize laýyk ornaşdyrylmagy, maddy-tehniki üpjünçiligiň kämilleşdirilmegi türkmen milli lukmançylygynyň esasy aýratynlyklarydyr.