Süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreşde kanser-registriň ähmiýeti

30 Iýul 2022
329

Howply täze döremelere (HTD) garşy göreş dünýä ylmynyň we amalynyň iň wajyp meseleleriniň biridir. HTD-den bolan keselleýjilik dünýäniň ähli döwletlerinde, şol sanda Türkmenistanda ösmeklige ýykgyn edýär we bu Ýer şarynda ýaşaýan adamlaryň köpelmegi we olaryň ortaça ýaşynyň uzalmagy bilen düşündirilýär. Her ýylda ilkinji gezek HTD bilen kesellän, takmynan, on dört mln adam hasaba alynýar [1, 3, 8].

Näsaglaryň bejergiden soňky ýaşaýjylygynyň ýokary bolmagyna saglygy goraýyş kömeginiň ýokary derejede gurnalmagy we adamlaryň maddy-sosial ýagdaýynyň gowy bolmagy gös-göni täsir edýär. Bäş ýyllyk ýaşaýjylyk görkezijisi Demirgazyk Amerika, Şwesiýa, Ýaponiýa döwletlerinde 80%- e deň, emma näsaglaryň maddy sosial üpjünjiligi pes döwletlerde bu görkeziji 40%-e, ýagny 2 esse pes derejede bellenilýär [2, 4, 6, 10].

Miwe BERDIMYRADOWA, Öwezdurdy HÜMMEDOW, Meretguly JUMAÝEW
Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi
Beýleki habarlar