Ýokanç däl kesellere garşy göreşmegiň dolandyryş we guramaçylyk usullarynyň aýratynlyklary

30 Iýul 2022
257

Ýokanç däl keseller (ÝDK) global we aýratyn ýurtlaryň derejesinde lukmançylyk, demografiki we durmuş-ykdysady taýdan ähmiýetli mesele bolup durýar. Olardan ähmiýetli we giňden ýaýran ÝDK-na ýürek-damar ulgamynyň kesellerini (arterial gipertenziýa, ýüregiň işemiýa keseli, dowamly ýürek ýetmezçiligi), süýjüli diabet, öýkenleriň dowamly obstruktiw kesellerini degişli edýärler. Bu ýagdaýlaryň paýyna bütin dünýäde ölüm hadysalarynyň ýarysyndan köpüsi düşýär [5, 6, 23].

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) tassyklamasy boýunça dünýäde ÝDK-nyň ýaýramagynyň netijesinde, ilatyň keselçiliginiň we ölümçiliginiň derejesiniň umumy gurluşynda çuňňur üýtgeşmeler bolup geçdi. Keseliň artmagy barada çaklamalary nazara almak bilen, BSGG tarapyndan dünýäniň ähli ýurtlarynyň saglygy goraýşynyň öňünde ÝDK-nyň öňüni almagyň we ir anyklamagyň wezipesi goýuldy, jemgyýetçilik saglygy goraýşy dolandyrmagyň düýbünden täze ýörelgeleriniň we usullarynyň bolmagy talap edildi. Olary işläp taýýarlamak üçin meseläniň häzirki ýagdaýynyň seljermesini geçirmek, modellerde we ÝDK-na garşy göreşmäge gönükdirilýän saglygy goraýyş ulgamynyň ýörelgelerinde güýçli we gowşak taraplaryny ýüze çykarmak talap edilýär [31].

Muhammet ERGEŞOW
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Beýleki habarlar