Kardioezofageal kanseriniň hirurgiki bejergisinden soňky gaýra üzülmeleriň öňüni almagyň usullary

30 Iýul 2022
270

Kardioezofageal zolagyň howply täze döremeleri ähli howply täze döremeleriň arasynda 12% tutýar. Dünýa ýüzünde bu kesel süýt mäzleriniň, öýkeniň kanserinden soňky 3-nji orny eýeleýär. Türkmenistanda kardioezofageal kanserden (KEK) bolan keselleýjilik soňky ýyllarda peselmeklige ýykgyn edýär: soňky 10 ýylyň dowamynda 1,2 esse azaldy. Emma oňa garamazdan, häzirki wagtda KEK-ni irki döwürlerinde anyklamak we bejermek amaly onkologiýanyň wajyp meseleriniň biri bolup durýar.

KEK-de operasiýadan soňky ölümçilik, takmynan, 6%-den 30%-e çenli, 5 ýyllyk ýaşaýjylyk bolsa 13%-den 42%-e çenli bolýar [1, 4]. KEK gyzylödek-aşgazan birleşmesinde ýerleşmek bilen, ol özüniň ýokary derejede howplulygy bilen tapawutlanyp, plewral hem-de abdominal boşluga limfogen we gematogen metaztazlary bermäge ukyply hasaplanýar. KEK-niň konserwatiw bejergä duýgurlygy pes bolmak bilen, häzirki wagtda bu keseliň esasy bejergisi hirurgiki usul bolup durýar. KEK-niň hirurgiki bejergisi özüniň uly göwrümliligi, şikesliligi, dowamlylygy bilen tapawutlanýar, sebäbi bu operasiýalarda bir wagtyň özünde abdominal, plewral boşluklar açylyp, diafragmotomiýa edilýär, gyzylödegiň we aşgazanyň rezeksiýasy giňeldilen 2-3 zonal limfodisseksiýa geçirilýär, gyzylödek aşgazan bilen plastika edilip, çep plewral boşlukda gyzylödek-aşgazan anastomozy amal edilýär. Şol sebäpli bu operasiýalardan soňky döwürde näsaglaryň, takmynan, 50%-de dürli gaýra üzülmeler duş gelýär [1-4]. Şonuň üçün operasiýadan soňky gaýra üzülmeleriň oňüni alyş-bejeriş çärelerini işläp düzmek, operasiýanyň netijeliligini we operasiýa edilen näsaglaryň ýaşaýyş hilini gowulandyrmak şu günki amaly onkologiýanyň wajyp meseleriniň biri bolup durýar.

Döwlet JUMAÝEW, Şirmuhammet ORUNOW, Güýç KAKABAÝEW, Rowaç DURDYLYKOW, Ogulsapar DURDYMUHAMMEDOWA
Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi
Beýleki habarlar