Arterial gipertenziýaly göwrelilerde çep garynjygyň geometriýasynyň görnüşine baglylykda arterial basyşyň gije-gündizki üýtgeýjiliginiň deňeşdirmesi

30 Iýul 2022
292

Gipertenziw bozulmalar (preeklampsiýa we eklampsiýa) göwreliligiň has agyr gaýra üzülmesi bolup, ýokary ene hem-de perinatal keselçilik we ölümçilik bilen tamamlanmagyna getirýär. Dürli awtorlaryň maglumatlaryna görä, arterial gipertenziýa (AG) göwrelileriň 4-8%-de anyklanylýar [1, 4]. AG-ly göwrelileriň arasynda 30%-e golaýy dowamly (göwrelilikden öň bar bolan) AG, 70%-de gestasion (göwrelilik bilen bagly bolan) gipertenziýa görnüşinde ýüze çykarylýar. Göwrelilikden öň bar bolan AG göwreliligiň we dogrumyň geçişinde gaýra üzülmeleriň döremek howpuny 2 esse ýokarlandyrýar. AG kadaly ýerleşen plasentanyň wagtyndan öň gopmagynyň, kelle-beýni gan aýlanyşygynyň bozulmalarynyň, gözüň torly gatlagynyň gopmagynyň, eklampsiýanyň, uly göwrümli koagulopatiki gan akmalaryň sebäbi bolup biler [2, 6].

Şeýlelikde, AG-nyň esasynda emele gelýän preeklampsiýanyň anyklaýyş, çaklaýyş we agyrlyk derejesini kesgitlemek meseleleri ýeterlik derejede öwrenilmedikdir we akuşer-ginekologlar, kardiologlar üçin uly ähmiýete eýedir.

Nargözel MYRATNAZAROWA
M. Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Beýleki habarlar