Beýni gan aýlanmasynyň ýiti bozulmasyndan soňky neýroprotektor bejergisi

30 Iýul 2022
287

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna görä, beýni damar keselleri ykdysady taýdan ösen ýurtlarda has giň ýaýrap, ol nerw-psihiki dartgynlygyň artmagy netijesinde, adamlaryň işjeň döwründe ýürek gan-damar keselleriniň düzüminde köpelýändigi bilen düşündirilýär. Soňky ýyllarda ýaşlaryň, hatda çagalaryň arasynda hem insultyň ýygy duşmagy anyklanýar. Dünýäde her ýylda on dört mln adam ýiti insult keselini geçirýär, olardan alty mln ölümçilige sezewar bolýar. Işemiki insult beýni gan aýlanmasynyň ýiti bozulmasynyň 70-85%-ni tutýar [1]. Beýni gan aýlanyşygynyň ýiti bozulmasyna getirýän birnäçe howp faktorlarynyň bardygy mälimdir. Olardan arterial gipertoniýa, ýüregiň işemiýa keseli, çep garynjygyň gipertrofiýasy, tranzitor işemiki hüjüm, süýjüli diabet, lipid çalşygynyň bozulmagy, zyýanly endikleriň bolmagy ýaly ýagdaýlary bellemek bolar. Insult keselini geçiren näsaglaryň 30%-de hereketiň çäklenmegi bilen bir hatarda geplemek ukybynyň afaziýa we dizartriýa görnüşinde bozulmagy anyklanylýar. [12, 14, 15]. Derman bejergisinden başga-da okuw sapaklaryny, bejeriş bedenterbiýesini, owkalamany, neýropsihologik we logopedik maşklaryny, psihoterapewtik kömegini öz düzümine alýar. Şeýle-de sosial gulluklaryň hem ýeterlik derejede kömegi gerek bolýar. Insultly näsagyň keseliniň ýiti we ýitileşen döwründe oňa psihologik goldawyň berilmegi hem zerurdyr [9, 10]. Näsaglaryň fiziki işjeňleşdirilmegi keseliniň geçiş ýagdaýyna, döwrüne laýyklykda amala aşyrylmalydyr [3-6].

Insultdan soňky ilkinji sagatlarda, aýratyn hem 4-48 sagadyň aralygy kelle beýniniň zeperleýji faktorlardan goralmagy üçin örän wajyp hasaplanýar. Insultyň alamatlaryny çalt ýüze çykarmak, gemostazy gözegçilikde saklap, gyssagly ýagdaýda trombolizisi geçirmek, aýratyn ýagdaýlarda mehaniki tromboektomiýa geçirmek oňyn netijelerini berýär.

Resul NEPESOW, Jumadurdy SOPYÝEW
Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkezi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediko-biologiki üpjünçiligi kafedrasy
Beýleki habarlar