Öýkeniň bronha ýarylan dermoid kistasy

30 Iýul 2022
268

Öýkeniň dermoid kistasy (DK) howpsuz emele gelmeler toparyna girýär. DK embrional ösüşiň näsazlygynyň netijesinde emele gelýär, şonuň üçin emele gelmäniň bu görnüşine teratoma çişi hem diýilýär. DK dogabitdi kesel we öňki gursagarada ýygy gabat gelýär. DK düwün görnüşde bolup, daşy fibroz gabykly, içinde dürli dykyzlykly dokumalar, ýagny ýag, ketirdewük, diş, saç süýümi we ş.m. dokumalar bolýar [2].

Kesel (başlangyç döwründe) az alamatly ýa-da düýbünden alamatsyz geçýär. Dermoid çişi uly göwrüme ýetende gursagara agzalaryny gysýar we näsagda kompressiýa sindromy ýüze çykýar.

Gylyçdurdy GURBANBERDIÝEW, Arslan NURMUHAMMEDOW, Tawus DURDYMYRADOWA, Şemşat ÝOMUTBAÝEWA
M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň hirurgiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy, Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana, Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi
Beýleki habarlar