Ynsan saglygy — döwletiň iň ýokary gymmatlygy

30 Iýul 2022
257

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty esasynda uly ösüşlere eýe bolýan saglyk ulgamynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary boýunça we derman senagatynda ýetilýän täze sepgitler bu gün halkymyzyň buýsançly başyny has hem belende göterýär. Hemmetaraplaýyn ösýän we özgerýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny berkitmek we goramak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak döwletimiziň baş aladasyna öwrüldi hem-de ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagy üpjün etmekde ägirt uly işler amala aşyryldy.

Türkmenistan BSGG hem-de BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyz lukmançylyk ulgamynda iş ýüzündäki gatnaşyklary ösdürmekde, adamlaryň saglygyny goramak meselelerini çözmek üçin netijeli çäreleri işläp taýýarlamakda, howply keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda ylmy maglumatlary alyşmakda baý tejribe toplady.

Beýleki habarlar