Goşa mukaddeslige tagzym

11 Iýun 2022
445

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň milli senenamasynda görnükli orun eýeläp, her ýylyň 18-nji maýynda uly dabara bilen bellenilýär. Eziz Diýarymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde döwlet derejesinde baýram edilmeginde hem uly many bar. Esasy Kanunymyz hem-de Döwlet baýdagymyz türkmen halkynyň şöhratly geçmişini, rowaçlyklara beslenýän ajaýyp döwrümizi, beýik geljegimizi hem-de mizemez jebisligimizi alamatlandyrýan milli gymmatlyklarymyzdyr. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Esasy Kanunymyz hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan milli gymmatlygymyzdyr». Konstitusiýa we Döwlet baýdagy merdana halkymyzyň parasatly garaýyşlaryny, milli mirasyny we ruhy dünýäsini bitewüleşdiriji, ýurdumyzy beýik maksatlara galkyndyryjy güýçdür.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanyp, adamzat paýhasynyň ösüş ýolunda ädilen möhüm ädimdir. Konstitusiýa döwletiň Esasy Kanuny bolup, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan tapawutlylykda, ýokary hukuk güýjüne eýedir. Döwletimiziň Esasy Kanuny milli demokratiýamyzyň iň kämil derejesidir, raýatlarymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny, işlemegini, bilim almagyny, rahat ýaşaýşyny kepillendirýän iň ýokary hukuk namasydyr.

Beýleki habarlar