Halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň möhüm ugry

11 Iýun 2022
647

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 12-13-nji maýy paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň we zenanlaryň dialogynyň geçirilen senesi hökmünde şöhratly taryhymyzyň altyn sahypasyna ýazyldy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogy dostlukly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny ýokary derejä çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe bolar. Şeýle hem sebitde hyzmatdaşlygy goldamak, syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda parlamentara dialogyň ornuna aýratyn ähmiýet bermek, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen derwaýys çözgütleriň kabul edilmeginde parlamentarilere hem-de zenanlara giň mümkinçilik döretmek bilen bagly ugurlarda täze gözýetimleri açar.

Beýleki habarlar