SARS-COV-2 ýokanjyna garşy waksinalaryň işjeňliginiň deňeşdirme seljermesi

11 Iýun 2022
372

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty innowasiýalar we dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ösýär, keselleriň öňüni almakda, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde uly işler edilýär, epidimiologik abadançylyk berk gözegçilikde saklanylýar, ilatyň sanitariýa bilimliligini ýokarlandyrmak barada işler giňden ýaýbaňlandyrylýar, şahsy arassaçylyk düzgünleri wagyz edilýär. Şeýle-de, COVID-19 ýokanjynyň pandemiýasy ilatyň sosial durmuşyna hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, bu ýokanjyň Türkmenistanyň çägine aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn öňüni alyş çäreleri pandemiýanyň ilkinji günlerinden häzirki wagta çenli dowam etdirilýär. Dünýäni gurşap alan koronawirusyň pandemiýasy bilen bagly ýagdaýy nazara alyp, ilatyň ähli ýaş toparlarynyň saglyk ýagdaýyna baha bermek üçin yzygiderli, meýilnamalaýyn öňüni alyş lukmançylyk barlaglary, 18 ýaşdan uly raýatlara COVID-19-a garşy sanjymlar giňden geçirilýär.

Bütin dünýäde COVID-19 ýokanjyna garşy 2020-nji ýylyň soňunda başlanan öňüni alyş waksinasiýa çäreleri bu ýokanjyň ählumumy pandemiýasyna garşy göreşde aýgytly ädimleriň biri boldy [5]. Ylmy çeşmelerde COVID-19 keseline garşy ulanylýan öňüni alyş waksinalary barada köpsanly maglumatlar duş gelýär [1-4]. Ýurdumyzda geçirilen ylmy işleriň netijesinde, COVID-19-a garşy öňüni alyş sanjymlarynyň iki dozasyny alan adamlaryň 55%-de 9 aýdan soň hem immunitetiň ýokary işjeň derejede saklanýandygy anyklanyldy [1].

Nurmuhammet AMANNEPESOW, Kemal MAWLANOW, Azat ÖWEZOW, Gurbangül ÖWLIÝAGULOWA
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy
Beýleki habarlar