Göwreli zenanlaryň iýmit statusyna baglylykda bedeniniň funksional ýagdaýy

11 Iýun 2022
436

Göwrelilik döwründe zenan bedeniniň ähli agzalarynda we ulgamlarynda özgermeler bellenilýär. Fiziologiki özgermeleriň derejesi bolsa, göwreliligiň möhletine we göwredäki çaganyň ösüşine bagly bolup durýar [6, 9]. Edebiýat maglumatlaryna görä, göwreli zenanlaryň bedeninde bolup geçýän gurluş we funksional üýtgemeler göwredäki ösüp barýan çagany kislorod we ýokumly maddalar bilen ýeterlik derejede üpjün etmeklige, madda çalşygynda döreýän zyýanly maddalary çaga we ene bedeninden bölüp çykarmaklyga, ene bedenini dogruma taýýarlamagyna hem-de täze doglan bäbegi ene süýdi bilen üpjün etmeklige gönükdirilendir. Adam bedeniniň bu nesil öndürijilik funksiýasy fiziologiki hadysasyna degişli bolanlygy zerarly, göwrelilik döwründe birnäçe ýüze çykýan özgermeler hem fiziologiki üýtgemeler bolup, enäniň we ösüp barýan çaga düwünçeginiň arasynda sazlaşykly arabaglanyşygy döretmäge ýardam berýär [5, 7, 8].

Işiň maksady – göwreliligiň irki möhletlerinde zenanlaryň iýmit statusynyň bedeniniň funksional ýagdaýyna edýän täsirlerini ýüze çykarmak.

Gara GARAÝEW, Gülbibi ALYÝEWA
Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana
Beýleki habarlar