Miopiýaly çagalarda göz bäbeneginiň we görüş nerwiniň diskiniň görkezijileriniň üýtgemeleriniň aýratynlyklary

11 Iýun 2022
677

Miopiýanyň ösmegi göz bäbeneginiň düýbüniň ähli agzalarynyň we şol sanda görüş nerwiniň diskiniň gurluşlaryna täsir edýän üýtgeşmelere getirýär [1, 2]. Miopiýa ösende görüş nerwiniň diskiniň morfometrik üýtgeşmeleri onuň şekiliniň oftalmoskopiki üýtgemegi, ýagny dik, kese, gytak, owal görnüşine eýe bolmagy bilen, köplenç, görüş nerwiniň diskiniň sklera gytak girmegi bilen utgaşýar, ýygy-ýygydan onuň nädogry şekilli we dekolorirlenen bolmagy, şeýle hem onuň ölçegleriniň ulalmagy ýa-da kiçelmegi bilen bolup geçýär [2, 3]. Häzirki zaman anyklaýyş usullary, şol sanda optiki kogerent tomografiýa (OKT) usuly çagalarda ýüze çykýan miopiýada adaty barlag usullary bilen kesgitlenilmedik görüş nerwiniň diskiniň we göz bäbeneginiň görkezijilerini jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berýär [3, 4].

Işiň maksady – miopiýaly çagalarda görüş nerwiniň diskiniň morfostruktur üýtgemelerini ýüze çykarmak we bu üýtgeşmeleriň gözüň refraksiýasynyň derejesi hem-de göz bäbeneginiň aksial uzynlygy bilen baglylygyny kesgitlemek.

Suraý ABDYÝEWA
M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň göz keselleri kafedrasy
Beýleki habarlar