Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň gözleriniň ýaş çykaryjylyk funksiýasynyň sebit aýratynlyklary

11 Iýun 2022
433

Saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeler, ilkinji nobatda, keselleriň öňüni almakdan, hemme ýaşdaky adamlaryň saglygyny berkitmekden, jemgyýetçilik saglygy goraýşy ösdürmekden we her bir raýatyň saglygynyň iň ýokary derejede bolmagyny hem-de adamyň sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmakdan ybaratdyr. Häzirkizaman lukmançylyk tejribesinden belli bolşy ýaly, adam organizminde we beýleki janly bedenlerde bolup geçýän dürli hadysalary ylmyň diňe bir ugrundan öwrenmek ýeterlik bolman, eýsem, olar ylmyň dürli ugurlarynyň çatrygynda öwrenilmelidir. [9-11] Bu bolsa daşky gurşawyň faktorlarynyň adam saglygyna edýän täsirini nazara alyp, Türkmenistanyň tebigy şertlerine görä, keseller ylmy taýdan öwrenilip, anyk netije çykarylmagynyň möhümligini ýüze çykarýar [1].

Türkmenistan aram guşaklygyň çöller zonasynda ýerleşip, onuň klimaty gurak we çürt-kesik kontinentaldyr. Tomsuna Türkmenistanyň çäklerinde howanyň temperaturasy +40-46⁰C-a çenli ýokary galýar, esasan, Türkmenistanyň Mary welaýatynyň çägi Gün şöhlesiniň işjeňliginiň ýokarydygy bilen tapawutlanýar, gyşyna bolsa, -20-30⁰C-a çenli peselýär [6, 13, 14].

Şamyrat AMANSÄHEDOW, Gülnara GURBANOWA
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
Beýleki habarlar