Ýürek kemislikleriniň hirurgiki bejergisine uzak wagtlaýyn gözegçiligiň netijesinde baha bermek

11 Iýun 2022
363

Ýürek kemislikleriniň döredýän gaýra üzülmeleri: ýürek ýetmezçiligi, ýüregiň ritminiň bozulmalary we başgalar maýypçylygy we ölümçiligi artdyrýar. Şol sebäpli bu nogsanlyklary wagtynda ýüze çykaryp, bejermek wajypdyr.

Ömrüň dowamynda emele gelen kemisliklerde dürli keseller we sebäpler boýunça ýürek klapanlarynyň düzümi üýtgeýär we deformirlenýär. Netijede, ýüregiçi we ulgamlaýyn gemodinamikanyň bozulmagy bilen ýiti we ýüregiçi gan aýlanyş ýetmezçiligi döreýär. Ýürek kemislikleriniň emele gelmegine, köplenç, rewmatizm sebäp bolýar. Mitral stenozy (85%), aortal klapanyň zeperlenmegi (26%), şeýle hem aortal klapanyň we mitral klapanyň stenozynyň we ýetmezçiliginiň kombinasiýasy rewmatizm keseli netijesinde döreýän kemisliklere degişlidir. Izolirlenen mitral ýetmezçilik, aortal klapanyň stenozy we ýetmezçiligi rewmatiki däl genezli bolýar (ýokançly endokardit, ateroskleroz, sepsis, merezýel, şikesler, gyzylgurt keseli, dogabitdi kemislikler), ýagny degeneratiw üýtgeşmeleriň netijesi bolup biler. Ýürek kemislikleri kombinirlenen we utgaşan görnüşlere bölünýär. Kombinirlenen kemisliklerde stenoz we ýetmezçilik bolýar. Utgaşyp gelýän kemisliklerde birnäçe klapanlar zeperlenýär. Ýürek kemislikli näsaglarda demgysma, ýüregiň çalt urmasy, ysgynsyzlyk, dekompensasiýa ýüze çykanda endamynda çişler biynjalyk edýär. Ýürek kemisliklerini anyklamagyň esasy usuly ehokardiografiýa barlagy bolup durýar. Näsaglaryň keseli wagtynda anyklanyp, ýürek ýetmezçilik alamatlary agyrlaşmazdan öň operatiw bejergi geçirilse, operasiýanyň netijesine oňaýly täsir edip, maýypçylygyň we ölümçiligiň öňüni alýar [1, 2].

Rejepmyrat ALYÝEW, Maýsagözel ANNAMYRADOWA, Kerim BABAÝEW
Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana
Beýleki habarlar