"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Goşa mukaddeslik

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi giňden belläp geçmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Milli Liderimiziň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dowam etdirilýän täze taryhy eýýamynda asuda asmanda pasyrdaýan Döwlet baýdagy, rejelenen görnüşde kabul edilen Konstitusiýa halkymyzyň ösüşiniň, rowaçlygynyň hem bagtyýarlygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu ýagdaý türkmen döwletiniň üýtgewsiz ýörelgeleri bolan Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygy, parahatçylygy hem agzybirligi, demokratiýany, kanunlaryň ileri tutulmagyny özünde jemleýär hem-de onuň geljekki ösüş ugruny kesgitledi. Häzirki taryhy döwrümizde eziz Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň jebisligini, bitewiligini alamatlandyrýar. Bagtyýar halkymyzyň bu goşa senäni şatlyk-şowhuna besläp, uludan toýlamagy döwlet berkararlygymyzy dabaralandyrýan milli gymmatlyklarymyza goýulýan belent hormat-sarpadan nyşandyr.

Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilen we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýakynda açylyp ulanmaga berlen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi hem döwletimizde geljegimiz bolan ýaş nesliň sagdynlygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Merkez iki sany aýratyn binadan ybarat bolup, olar eneler we çagalar üçin niýetlenendir. Zenanlara lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen bina çaga dogrulýan, göwrelileriň patologiýasy, ginekologiýa ýaly bölümlerini öz içine alýar. Çagalar binasynda bäbekleriň patologiýasy, kiçi ýaşly çagalar, nefrologiýa, newrologiýa, mekdep ýaşly çagalar, rewmokardiologiýa ýaly bölümleri halka hyzmat edýär. Her binada kabul ediş, anyklaýyş-maslahat beriş, kliniki laboratoriýa, anesteziologiýa-reanimasiýa bölümleri hereket edýär. Olardaky Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Italiýa, Fransiýa, Türkiýe, Russiýa Federasiýasy ýaly döwletlerde öndürilen häzirki zamanyň iň kämil lukmançylyk enjamlary ýokary derejeli bejergi we barlag işlerini geçirmäge ýardam edýär. Öňdebaryjy innowasion enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp durky täzelenen lukmançylyk merkeziniň açylmagy durmuş maksatly döwlet syýas

Beýik akyldara belent sarpa

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejeli dabaralara, taryhy wakalara, giň gerimli çärelere beslenýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna girizildi. Häzirki ajaýyp zamanamyzda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralardyr çäreler ýurdumyzda we halkara derejesinde giň gerime eýe bolýar.

Saglyk babatda sowatlylygyň keselleriň öňüni almakdaky ähmiýeti

Nurmuhammet AMANNEPESOW, Muhammet ERGEŞOW, Ogulmähri GELDIÝEWA Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Saglygy goraýşyň habarlar merkezi Saglyk babatda sowatlylyk (SBS) jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň esasy guraly bolup, adam gymmatlygyna gönükdirilen çäreleriň uly toplumyny nazara alýar. SBS – kesgitläp we baha berip bolýan düşünjedir, ony kesgitlemegiň dürli gurallary işlenip düzülen we köp dillere terjime edilendir [3, 6, 7].

Arterial gipertenziýaly näsaglaryň antigipertenziw dermanlary ulanyşynyň farmakoepidemiologiki barlaglary

Orazgylyç ORAZGYLYJOWM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş we sport lukmançylygy kafedrasy Arterial gipertenziýa (AG) ilat arasynda giň ýaýran kesel bolup, howply ýürek-damar gaýra üzülmelerine getirmek mümkinçiliginiň ýokarylygy sebäpli, saglyk öýi şertlerinde dowamly gözegçiligi we köplenç ýagdaýlarda üznüksiz bejergini talap edýär [1, 2, 6]. Şol sebäpli, AG-ly näsaglaryň saglyk öýlerinde maşgala lukmanlary tarapyndan sagaldyş gözegçiliginde saklanylyşy we olaryň öý şertlerinde antigipertenziw derman serişdelerini (AGS) netijeli ulanyşy barada düýpli barlag işlerini geçirmek ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin örän wajyp ähmiýete eýedir.

Bagryň bakterial abssessiniň iriňlän ehinokokk kistadan tapawutlandyrylyşy

Nazar GARRYÝEW, Gylyçdurdy GURBANBERDIÝEW, Serdar MÄMMETÝAZOWS.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň hirurgiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy Bagryň bakterial abssessleri bilen iriňlän ehinokokk kistalaryň tapawutlandyrylyşynda döreýän kliniki kynçylyklar we ýalňyşlyklaryň ýygylygy bu keselleriň anyklanyş usullarynyň yzygider kämilleşdirilmegini talap edýär [3, 5]. Bagryň ojakly döremelerine degişli bolan bu kesellere mahsus tapawutly kliniki alamatlar bolmaýar diýen ýaly. Keselleri kesgitlemekde giňden ulanylýan ehografiýa we kompýuter tomografiýa (KT) barlaglarda bu patologiki hadysalaryň şekillerinde meňzeşlikler agdyklyk edýänligi sebäpli, näsaglarda gutarnykly kesel kesgitlemesini goýmakda we onuň bilen baglanyşykly bejergisinde ýalňyşlyklaryň goýberilmegi ýygy duş gelýär [4, 6, 8].

Aortokoronar şuntirlemeden soňky ilkinji ýüze çykýan alyn ýürek tirpildemäniň ýygylygynyň çaklamalary

Rejepmyrat ALYÝEW Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana Alyn ýürek tirpildeme (AÝT) aortokoronar şuntirleme (AKŞ) operasiýasyndan soň ýüze çykýan iň köp ýaýran aritmiýa bolup, takmynan, 27-33% ýagdaýda duş gelýär. [1-3]. AÝT iň köp ýaýran ýürek aritmiýasy hasaplanýar we çep garynjygyň zyňyş fraksiýasynyň peselmegine, operasiýadan soňky ýüze çykýan gaýra üzülmelere sebäp bolýar. AÝT-nyň umumy ilat arasynda ýaýramagy 1-2% diýip hasaplanýar [12]. AKŞ bolan näsaglaryň arasynda AÝT keseli has ýokary ýygylykda, takmynan, 25-40% bolýar we AKŞ-dan soňky ölümiň esasy sebäbiniň bolýandygy habar berilýär [11, 13]. Garrylyk, süýjüli diabet, gipertoniýa, öýkeniň dowamly obstruktiw keseli, çep garynjygyň ýetmezçiligi ýaly birnäçe utgaşykly töwekgelçilik sebäpleri bolan näsaglarda emeli gan aýlanyş şertlerinde AKŞ geçirileninden soň, AÝT-nyň ýüze çykmagy bilen baglanyşyklydygy anyklandy [2]. Näsaglar operasiýadan soňky ilkinji 4-5 günüň dowamynda, esasanam, operasiýadan soňky ilkinji 72 sagadyň dowamynda AÝT-nyň döremegine has ýakyndyr [4]. Mundan başga-da, AKŞ-dan soňky ýüze çykýan AÝT tromboemboliýa, böwrek ýetmezçiligi, ýürek ýetmezçiligi, ölüm we hassahanada dowamly bejergi almak ýaly has çylşyrymly ýagdaýlar bilen bilelikde geçýär, näsaglaryň durmuşynyň hiliniň peselmegine we bejerişe çykdajylarynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar [5, 6]. AKŞ-dan soň AÝT-ly näsaglarda diri

Ýumşak dokumanyň sarkomasynyň anyklanyş usullarynyň mümkinçilikleri

Annamyrat ANNAMUHAMMEDOW, Ýaňyl GÜJÜKBAÝEWAM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasy, Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi Ýumşak dokumanyň sarkomasy (ÝDS) howply täze döremeleriň (HTD) içinde 0,2-2,6% seýrek duş gelýän kesel hasap edilýär. ÝDS ösüşi, kliniki akymy we netijesi boýunça beýleki HTD-lere garanyňda has agyr geçýär we onkologiýanyň az öwrenilen bölegi bolup durýar [2, 3, 6].

Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň gözýaş çykaryjylyk funksiýasynyň pasyllara laýyklykda aýratynlygy

Gülnara GURBANOWAHalkara okuw-ylmy merkezi Ýer ýüzünde «Siwilizasiýanyň keseli» diýlip atlandyrylýan gözüň gury sindromynyň artýanlygy sebäpli, ony anyklamagy, bejermegi, gözýaş mäziniň işjeňliginiň dünýäde öwreniliş derejeleri baradaky maglumatlar oftalmologlarda uly gyzyklanma döredýär. 2007-nji ýyla çenli bütin dünýäde dürli ýurtlaryň ilatynyň arasynda gözüň gury sindromynyň ýaýraýyş derejesi 5%-den 30%-e çenli ýetendigini edebiýat çeşmelerinde belläp geçýärler [5].

Dikeldiş bejergisinde ippoterapiýanyň orny

Nurmyrat KAKABAÝEWGaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi Maýyp näsaglaryň saglygyny hemmetaraplaýyn dikeltmekde we olaryň sosial integrasiýasynda fiziki reabilitasiýanyň ähmiýeti uludyr, serebral ysmazly çagalar bolsa bu meselede aýratyn orna eýedir [2, 4, 7]. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, maýyplaryň sany ýokarlanmaklyga ýykgyn edýär. Bu meseläniň täsirli çözgüdi şeýle näsaglaryň saglygynyň dikeldilmegidir we dikeldiş çäreleri üçin lukmançylykda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagydyr.

Ulgamlaýyn gyzylgurt keseliniň patogenezine we geçişine jyns gormonlaryň täsiri

Tylla TAŇRYBERDIÝEWA, Wladimir GURBANOW, Şemşat AMANDURDYÝEWAM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýasy kafedrasy Ulgamlaýyn gyzylgurt (UGG) – esasan, aýallarda ýüze çykýan we böwrekleriň, deriniň, öýkenleriň, kelle beýniniň we ýüregiň zeperlenmegi bilen häsiýetlenýän dowamly autoimmun keseldir [1, 18].

Abu Aly ibn Sinanyň ylmy döredijiliginiň gymmatlygy

Güljemal ANNABAÝEWA«Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnalyň baş redaktory Abu Aly Huseýin ibn Abdallah ibn al Hasan ibn Aly ibn Sina (latynça ady Awisenna) Orta Aziýanyň görnükli dünýä belli lukmany, filosofy, ýazyjysy, tebigaty öwreniji alymydyr. Ol 980-1037-nji ýyllarda ýaşap geçipdir. Abu Aly ibn Sina Buharanyň golaýyndaky Afşana obasynda dogulýar. Çagalygyny we ýaşlygyny Buharada geçirýär, öz döwrüniň tejribeli alymlaryndan ylahyýet, filosofiýa, matematika, lukmançylyk ylymlaryny öwrenip, ylmy we amaly lukmançylyk işine başlaýar. Abu Aly Ibn Sina ökde lukman hökmünde gysga wagtda abraý gazanmany başarýar we emir Nuh ibn Mansury üstünlikli bejerenligi üçin alyma emiriň köşgündäki kitaphanada saklanýan golýazmalardan peýdalanmaga rugsat berilýär. Bu ýerde alym poeziýa, filosofiýa, matematika, geologiýa, astronomiýa, tebigy ylymlary, esasanam, lukmançylyk ugurlary boýunça bilimini artdyrýar. Samanidleriň häkimliginiň ýykylmagy bilen alym bu ýerde alyp barýan üstünlikli lukmançylyk we tebipçilik işini tamamlamaly bolýar. 1002-nji ýylda Ibn Sina Horezmiň paýtagty Gürgenje (häzirki Ürgenç) göçýär we Şah Mamunyň köşgünde ýaşap, ylymlary öwrenmegini dowam edýär. 1007-nji ýyldan başlap Horasanda, 1012-nji ýylda Ispyhanda we Hamedanda ýaşap, Hamedanyň hökümdarynyň lukmany we döwletiň weziri bolýar. Horezmda Ibn Sina öz döwrüniň tanymal alymy Biruni, alym-lukman Abul-Hasan-Ha

Gan merkeziniň işiniň kämilleşmegi

Gülnara AHMEDOWAÝokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Gan merkezi Berkarar dowletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak hem-de berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda belent sepgitlere ýetildi we uly üstünlikler gazanyldy.

Gülen barmy?

Magtymguly PYRAGY Eý, ýaranlar, musulmanlar,Aglamaýyn, gülen barmy?Ýalançy-pany dünýäden,Giden gaýdyp gelen barmy?

Mähriban halkymyza ajaýyp sowgat

Hormatly Prezidentimiziň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň giň okyjylar köpçiligine gowüşmagy tutuş halkymyzy buýsandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza sowgat bermegi bagtyýar halkymyz üçin çuňňur buýsanjyň gözbaşy bolup, biziň ählimizi täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby hormatly Prezidentimiziň geçmişe bolan sarpasydyr, taryhymyza buýsanjydyr. Gahryman Prezidentimiz bu kitabyny ýazmakda mähriban Arkadagymyzyň taryh, geçmiş hakyndaky gürrüňlerinden ugur alandygyny nygtaýar.

Gelse Nowruz äleme

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda durýan Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Milli bahar baýramy bolan Nowruz türkmeniň ruhy dünýäsinde möhüm orun eýeleýär. Ol ata-babalarymyzyň çuňňur akyl-paýhasyndan gözbaş alyp, asyrlaryň dowamynda ruhy täzelenişiň ajaýyp nyşanyna öwrülipdir. Nowruz ynsan kalbyna şatlyk, ruhubelentlik duýgularyny we älem-jahana direliş hem täzeleniş bagyş edýär. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bizi täze günüň, täze eýýamyň, täze bagtyýarlygyň ak ýollaryna atarýar. Eziz Watanymyzda bu şanly senäniň — Milli bahar baýramynyň şatlyk-şowhuny giňden dabaralanýar. Nowruz baýramy türkmen halkynyň milli mirasyna, däbine-dessuryna siňen we döwlet derejesinde öz ornuny alan şanly seneleriň biridir. 2009-njy ýylda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz baýramy» diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi.

Saglygy berkitmek maksatnamalaryny iş ýerlerinde ornaşdyrmagyň ýokanç däl keselleriň öňüni almakdaky ähmiýeti

Nurmuhammet AMANNEPESOW, Esenmyrat ANNAMYRADOW, Muhammet ERGEŞOWTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň saglygy goraýşyň guralyşy, dolandyrylyşy we ykdysadyýeti kafedrasy «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna» laýyklykda, döwlet edaralarynyň, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga işjeň gatnaşmagyny gazanmak, olarda işleýän işgärleriň saglygyny goramak we berkitmek boýunça amatly şertleriň hem-de mümkinçilikleriň döredilmegi bilen bedenterbiýe-sagaldyş we keselleriň öňüni almagyň beýleki çärelerini geçirmek babatda toplumlaýyn işleri amala aşyrmaklyk göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan milli saglygy goraýyş ulgamynyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy ugry bolup durýandygyny aýdyň görkezýär we ol ýurdumyzy dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga gönükdirilendir.

Şypahana işi hakynda milli kanunçylyk

Gülzar AŞYROWATürkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň durmuş ulgamynyň ösdürilmegi, möhüm mümkinçilikleriň bir ýere jemlenmegi, dolandyryşyň täzeçil tehnologiýalarynyň we öňdebaryjy usullarynyň işlenip taýýarlanylmagy hem-de ornaşdyrylmagy adam saglygyny goramagyň we pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Munuň özi ilatyň sagdynlygynyň üpjün edilmegini, durmuş ulgamynyň giňeldilmeginiň hasabyna jemgyýetçilik baýlygynyň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Iriňli keratitiň autoplazma arkaly bejergisi döwründe gözüň buýnuz gatlagynyň neowaskulýarizasiýasynyň morfologiki aýratynlyklary (tejribede)

Aýjemal ORAZALYÝEWA, Perhat ÖWEZGYLYJOW, Merdan SÜLEÝMANOW, Jahan LAMANOWA, Gohar PETROWA, Gülnabat TOŞŞIÝEWAM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag merkezi, Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi, kazyýet lukmançylygy we hukuk, patologik anatomiýa kafedralary Gözüň buýnuz gatlagy – ýagtylygyň döwülme ukybyny berjaý edýän esasy gatlak bolup durýar, onuň durulygy ýokary derejeli gurluşynyň çylşyrymlylygy bilen şertlendirilýär. Kadada onuň dokumasy gan damarsyzdyr, bu ýagdaý onuň diňe bir durulygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, immun ulgamynyň öýjükleriniň gönüden-göni aralaşma mümkinçiliginiň ýoklugy zerarly, buýnuz gatlagyň immunologiki taýdan goraglylygyny hem şertlendirýär. Käbir patologiki hadysalarda (himiki ýanyklar, işemiýa, şikesler, gaýnaglama) buýnuz gatlagyň üýtgemeleri dürli derejeli neowaskulýarizasiýanyň we bulançaklygyň döremegi bilen dokumanyň durulygynyň peselmeginiň ýüze çykmagyny şertlendirýärler. Dürli sebäpleriň netijesinde, gözüň buýnuz gatlagynda bulançaklygyň, tegmiliň emele gelmegi zerarly dünýäde 1,5-2 mln adam monokulýar körlükden ejir çekýär [1].

Ortaky gulagyň alawlama keselleriniň ýagdaýy

Täçmyrat ALTYÝEW Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilatyň saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga, anyklamaga we bejermäge gönükdirilen düýpli we giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.