"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@online.tm

Habarlar

Bagtyýar durmuşyň sakasy

Sagdyn durmuş ýörelgesi häzirki döwürde her bir adamyň durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Bu gün ýurdumyzda raýatlaryň zyýanly endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi bir-biri bilen berk baglanyşyklydyr. «Sagdyn bedende – sagdyn ruh» diýen jümle hem bu hakykaty tassyklaýar. Çünki türgenler sagdyn hem maksadaokgunly ynsanlardyr. Bu häsiýetler olarda berk düzgün-tertibe eýerip, yzygiderli türgenleşmek, ýaryşlaryň synagyndan geçmek esasynda kemala gelýär.

Ähmiýetli duşuşyk

Bu gün ýurdumyzda bedenterbiýe we sagaldyş hereketiniň many-mazmuny täze öwüşgine eýe bolýar. Şonuň esasynda hem, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäniň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgesiniň çygry has-da giňeýär. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleriniň ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýerleşýän orta mekdeplerde, hünär-tehniki, orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde zähmet çekýän bedenterbiýe mugallymlary bilen geçirýän maslahatlary hem gözbaşyny şu ugurdaky ähmiýetli ädimlerden alyp gaýdýar. Noýabryň ahyrky günlerinde Lebap welaýatynyň bilim edaralarynda zähmet çekýän bedenterbiýe mugallymlary bilen guralan maslahat hem diýseň täsirli geçdi. Lebap welaýat kitaphanasynyň binasynda ýaýbaňlandyrylan çärede bedenterbiýe mugallymlaryna usuly maslahatlar berildi. Munuň özi olaryň alyp barýan işlerini has-da kämilleşdirmeklerine oňyn täsirini ýetirer.

Üstünliklere beslenýän ulgam

Bu gün eziz Diýarymyzda bedenterbiýe we sport halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryna öwrülýär. Çünki ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda bedenterbiýe we sport boýunça hem uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, şeýle hem sportuň halkara hyzmatdaşlygyndaky ornuny pugtalandyrmak ýaly möhüm wezipeleriň ençemesini özünde jemleýär. Şol syýasatyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri hem-de desgalar gurlup, halkymyza ulanylmaga berildi. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde we sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekde diýseň uly ähmiýete eýe bolan «Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly ýaryşlara bolsa bu gün türkmenistanlylaryň müňlerçesi gatnaşýar. Bu şygar ýurdumyzyň we halkymyzyň umumymilli ýörelgesine öwrüldi.

Täzelikler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi tarapyndan «Milli gymmatlyklarymyz halkyň genji-hazynasydyr» atly mowzukda göçme sergi guraldy. Göçme serginiň esasy özenini muzeý gymmatlyklary düzýär. Olardan başga-da bu ýerde welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň milli mirasymyzy wasp edýän nakgaş eserleri hem goýuldy. Milli mirasymyzyň gymmatlyklary ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Muzeýiň ylmy işgärleri sergide görkezilen gymmatlyklaryň taryhy we ähmiýeti dogrusynda talyplara giňişleýin gürrüň berdiler.

«Açyk gapylar» syýasatyna eýerip

30-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman bilen mähirli salamlaşyp, Gahryman Arkadagymyz Neda Bergeriň Türkmenistanda uly hormata eýedigini aýtdy. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz onuň ýurdumyzda geçirilýän köp sanly baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýandygyny we iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekiliýeti HMG-niň 13-nji sessiýasyna gatnaşdy

Bu barada «Türkmenportal» öz saýtynda habar berýär. Habarda ýerleşdirilen maglumata laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekilýetiniň Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde 29-njy noýabrda geçirilen Halkara migrasiýa guramanyň (HMG) Geňeşiniň 113-nji sessiýasyna gatnaşyp, onda döwletimiziň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy, migrasiýa we ilatyň göçmegi ýaly hadysalaryň özara arabaglanyşygy barada çykyş edendigi aýdylýar.

Täze bina — toý sowgady

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Parahat geňeşliginde täze saglyk öýüniň açylmagy oba ýaşaýjylary üçin ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi. Welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan gurlan bu saglygy goraýyş binasynda oba ilatyna köpugurly lukmançylyk hyzmatyny etmek üçin ähli şertler döredildi. Saglyk öýünde sanjym, hasaba alyş, barlaghana we beýleki lukmançylyk otaglary, dermanhana, naharhana ýerleşýär. Bu ýerde ýatymlaýyn bejergi almak üçin hem ýörite otaglar bar. Täze binanyň degre-daşyny bezeg agaçlary gurşap alýar. Etrabyň çäginde tutýan meýdany hem ilatynyň sany boýunça iň ulusy hasaplanylýan Gölýer obasynyň bagtyýar ilatynyň, saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen açylyş dabarasy aýdym-sazlara beslendi. Göwünleri ganatlandyran dabarada ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak, il saglygyny goramak ugrunda uly tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdyldy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL BÄSLEŞIGIŇ WELAÝAT TAPGYRY GEÇIRILDI

Erkanalyk bagty

Döwlet syýasatynyň baş maksady ösüp gelýän ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemekden, ýaşlary ylmy işlere çekmekden, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmakdan, Watanymyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Häzirki taryhy pursatlarda Garaşsyzlygymyz, onuň gözbaşlary hem esaslary barada ýatlamak ýakymly. Dogrusy, bu mukaddeslik barada hemişe pikir etmeli, oňa hemişe guwanmaly we ol hakyndaky päkize duýgy-düşünjeleri hemişe aňyňda hem ýüregiňde göterip gezmeli. Sebäbi biziň özbaşdak millet, özbaşdak döwletli halk hökmündäki her bir üstünligimiziň, ýeňişlerimiziň, gazanýan abraý-mertebämiziň gözbaşynda Garaşsyzlygymyz durandyr.

Ahal ýaýlasyndaky «akylly» şäheriň gurluşygy

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy we bu ýerde ozal maslahatlaşylan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, bu ýerde bina edilen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, onuň bezeg aýratynlyklary, reňk öwüşginleri bilen tanyşdy. Şol ýerden uzakda bolmadyk ýerde bina edilen çagalar bagy bilen tanyşlygynyň barşynda käbir şekil taslamalaryny gözden geçirip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy olarda döredilýän reňk öwüşginleriniň sazlaşygynyň üpjün edilmeginiň möhümdigini aýtdy. Şeýle-de binanyň töwereginde çagalaryň çägäniň üstünde oýun bilen güýmenmeklerine niýetlenen ýörite ýerlere üns çekilip, bu ýerde Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenaryndaky çägäni ulanmagyň örän maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Soňra hormatly Arkadagymyz nobatdaky ýörite gurnalan ýerdäki käbir ýol belgileriniň ýanynda saklandy we olary synlap, belgileriň reňk aýratynlyklary saýlanyp alnanda, olaryň howanyň dürli täsirlerine döz gelýän häsiýetli öwüşginlerini saýlap almagyň möhümdigini belledi. Awtomobil ulag ýollarynyň ugurlarynda oturdylmagy meýilleşdirilýän ýol görkeziji belgiler awtoulag ýollaryndaky hereketleri düzgünleşdirmekde we

Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 1-nji sentýabrynda – Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VII gurultaýy Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolan möhüm waka hökmünde häzirki zaman taryhymyzyň şanly sene ýazgysyna girdi. Gurultaýa hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy, onda çuňňur many-mazmuna, parasatly öwüt-ündewlere ýugrulan ajaýyp çykyş bilen ýaşlara ýüzlenmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşine gol cekmegi ýurdumyzda ýaş nesiller barada edilýän aladanyň iňňän uludygyny we giň möçberlidigini ýene bir gezek subut etdi. Bu strategik resminama ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlaryny we ýörelgelerini kesgitlemek bilen, ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşyny, oňaýly iş, ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Kanuna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, ony rejelemek, kämilleşdirmek baradaky başlangyjyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigini uly guwanç we buýsanç bilen aýtmak isleýäris. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda özleri barada edilýän aladalary aňryýany bilen duýýan ýaşlarymyz ata Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly nesiller bolup ýetişmek hem-de ýu

Rowaçlygyň binýady, parahatçylygyň ilçisi

Parahatçylygyň ilçisi, sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy, ýeňişlere ruhlandyrýan güýç. Bular sport babatda aýdylýan ajaýyp jümlelerdir. Her bir adam üçin uly ähmiýete eýe bolan sport tutuş jemgyýetiň durmuşyna-da güýçli täsirini ýetirýär. Bu günki gün sport halkara gatnaşyklarynyň hem möhüm bölegine öwrülip, parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Sport jemgyýeti jebisleşdirýän güýç hökmünde-de uly ähmiýete eýedir. Biz bu hakykata 2017-nji ýylda paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, «Amul ― Hazar 2018» halkara awtorallisi ýaly iri ýaryşlar geçirilende-de, 2021-nji ýylda Tokioda guralan tomusky Olimpiýa oýunlarynda ildeşimiz ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji olimpiýa medalyny gazananda-da, türgenlerimiz abraýly ýaryşlardan medallar çemeni bilen dolanyp gelenlerinde-de şaýat bolduk. Şol ýaryşlardaky üstünliklere hem-de ýeňişlere halkymyz göýä bir bitewi maşgala ýaly begendi hem buýsandy.

Suwy arassalaýjy toplum

Düýn Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Arçman geňeşliginiň çäginde lagym suwuny arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýuna barýan günlerimize gabatlanan täze desganyň açylyş dabarasy aýdym-saza beslendi. Toý bagy kesilenden soň, dabara gatnaşyjylar dili senaly ýaşulularyň baş bolmagynda lagym suwuny ýokary talaplara laýyklykda arassalamak üçin göz öňünde tutulan şertler bilen tanyşdylar. Bir gije-gündizde lagym suwunyň 20 müň kub metrini arassalamaga mümkinçiligi bolan desga 4,2 gektarda ýerleşip, özboluşly toplumy emele getirýär. Onuň çäginde gurlan edara, hlor öndürme, filtrleri dolandyryş, palçygyň suwuny aýryjy, suw arassalaýjy, barlaghana, kompressor, transformator, arassalanan suw binalaryny, hlor bilen garyşdyrma rezerwuary, ýuwuş suwunyň nasos bekedi, ussahana, ammar ýaly desgalaryň gurluşygynda ýokary talaplar göz öňünde tutulypdyr. Ol ýerde howalandyryş, palçygy goýaltma, suwy durlatma howuzlary, şeýle-de palçygy guratma meýdançasy gurlupdyr.

Parlament diplomatiýasy: hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täsirli guraly

ÖSÜŞIŇ NURANA ÝOLY BILEN Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda döwletimiziň halkara giňişlikde abraýy barha dabaralanýar. Biziň ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda, şeýle hem döwletara gatnaşyklarda dostlukly hyzmatdaşlygy berkitmek babatda halkara ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýär. Bu günki gün sebitiň, dünýäniň ýurtlary ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ata Watanymyza dürli ugurlar boýunça uly gyzyklanmalaryny bildirýärler. Dünýäniň ýurtlarynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň bähbidine netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşini berkitmäge gönükdirilen daşary syýasy ýörelgeleri hem-de parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek we ýokary derejelere çykarmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren beýik başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzyň parahatçylygy döredijiligiň we dostlugyň merkezine öwrülendigini buýsançly aýtmak bolýar.

Şygryýet äleminiň öçmejek nury

Magtymguly etrap merkezindäki Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň hem-de «Watan», «Edebiýat we sungat» gazetleriniň redaksiýalarynyň guramaklarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Şygryýet äleminiň öçmejek nury» atly maslahat geçirildi. «Şygryýet äleminde öçmejek yz goýan we dürdäne şygyrlary dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren şahyryň eserleri asyrlar geçse-de, öz ähmiýetini ýitirenok. Bu gün olar dünýä halklarynyň dillerinde söýlüp okalýar. Çuňňur pähim-paýhasa ýugrulyp, köňüllerde ýer eden şygyrlar merdana halkymyzyň ýüreginde aýdym bolup ýaňlanýar. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda türkmen nusgawy edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenip geçiler. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan şol ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi dünýäde ykrar edilen söz ussadyna goýulýan belent hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr» diýip, maslahatda çykyş edenler aýratyn buýsanç bilen nygtadylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän tutumlar barada gürrüň etdiler hem-de «Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Serdarymyzyň başynyň dik, ömrün

Gülki paýlan sahnalar

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik toparynyň welaýatymyzda birnäçe günläp myhmançylykda bolup, “Geliň, gülşeliň!” atly aýdym-sazly, şüweleňli sahnalary tomaşaçylara hödürlemegi sungat muşdaklarynda ýakymly täsirleri galdyrdy. Balkanabat şäherindäki welaýat döwlet drama teatryna köp sanly tomaşaçylary ýygnan döredijilik toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletmyrat Hanmämmedow bilen bolan özara söhbetdeşligimiz döredijilik saparynyň maksady baradaky gürrüňden başlandy. Sahna ussadynyň gürrüň bermegine görä, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleriniň welaýatymyzda bolmagynyň esasy maksady teatr sungatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan üstünliklerini, şeýle-de halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmekde döredilýän giň mümkinçilikleriň oňyn netijelerini halk köpçüligine ýetirmekden, bagtyýar raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almagyna mynasyp goşant goşmakdan ybarat bolup durýar. — Döredijilik toparymyzyň Balkanabat, Türkmenbaşy we Bereket şäherlerinde görkezen aýdym-sazly, degişme sahnalarynyň tomaşaçylarynyň ýeterlik bolmagy azabymyzyň ýerine düşendigini görkezen bolsa gerek. Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Çommyýewanyň, ýaş artistler Begli Orazmuhammedowyň, Akmyrat Annamyradowyň, Jennet Horasanlyýewanyň durmuşda duş gelýän gülküli pursatlary beýan edýän ç

Ýaşlar barada alada

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň mejlisler zalynda toplumyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda çäre geçirildi. Onda çykyş edenler «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen baglanyşykly buýsançly söhbet etdiler. «Bu Kanunyň kabul edilmegi ýaşlaryň hukugyny berkitmek hem-de kepillendirmek üçin edilýän aladalaryň uludygynyň subutnamasy boldy. Ol ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, bedew batly ösüşlerimize mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek baradaky maksatlardan ugur alýar» diýip, çykyş edenler nygtadylar. Ýaşlara uly ynam bildirýän, olaryň ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşmagy üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Buýsanyň siz bu Watana

Buýsanyň siz bu Watana,Buýsanmaga hakyňyz bar.Bolsun mydam şu topragyBagyş eden Hakyňyz ýar. Buýsanyň siz bu Watana,Keramatdyr, keremlidir.Geçmişine göz aýlasaň,Ärli, pirli, erenlidir.

Päk zähmetden bagt tapan zenandy

Daýhan birleşiginiň ilkagşam başlan ýygnagy ýary gijä çenli dowam etdi. Daýhan birleşiginiň başlygy Kömekgeldi Rejepow: — Ýoldaş Soltanow, siz gök-bakja ekinlerini ekmek üçin taýýarlap goýan 15 gektar ýerimize topar ýolbaşçysyny tapdy-ňyzmy? — diýende, agronom bada-bat Togta Mollaýewanyň adyny tutdy.

Adamyň içindäki iki möjek

(Tymsal) Bir zamanlar goja agtygyna durmuş hakykatyny şeýle beýan edipdir: