Milli demokratiýa ygrarlylykda
Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä, ýagny şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri giň gerimde dowam edýär. Bu saýlaw möwsümi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Saýlaw çäreleriniň tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri ýerlerde welaýat, etrap, şäher we okrug saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlaryny geçirdiler. Maslahatlaryň barşynda öňde boljak saýlawlary geçirmegiň tertibi, has takygy, saýlaw kanunçylygy, saýlawlarda hereket edýän saýlaw toparlarynyň ulgamy, welaýat, etrap, şäher, okrug saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de 25-nji ýanwarda badalga alan dalaşgärleri hödürlemek möwsümi bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemegiň hem-de olary bellige almagyň tertibi, saýlaw resminamalarynyň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berildi.