Täzelikler

2 Dekabr 2022
83

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi tarapyndan «Milli gymmatlyklarymyz halkyň genji-hazynasydyr» atly mowzukda göçme sergi guraldy.

Göçme serginiň esasy özenini muzeý gymmatlyklary düzýär. Olardan başga-da bu ýerde welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň milli mirasymyzy wasp edýän nakgaş eserleri hem goýuldy. Milli mirasymyzyň gymmatlyklary ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Muzeýiň ylmy işgärleri sergide görkezilen gymmatlyklaryň taryhy we ähmiýeti dogrusynda talyplara giňişleýin gürrüň berdiler.