Sergide baky bagtyýarlygyň waspy

2 Dekabr 2022
136

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýuna bagyşlanan dabaralar yzygiderli geçirilýär. Bu şanly sene mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem «Bitaraplyk — parahat we abadan ösüş» atly wagtlaýyn sergi açyldy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrap birleşmesi bilen bilelikde guralan ylmy maslahaty öz içine alýan bu serginiň açylyş dabarasyna welaýat polisiýa müdirliginiň, Çärjew etrap kazyýetiniň wekilleri hem-de welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan Orazow.