Dowarlar dok we ýyly gyşladylýar

30 Noýabr 2022
94

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda maldarçylyk pudagyny ösdürmäge-de uly üns berilýär. Çünki Watanymyzda azyk üpjünçiligini ýokarlandyrmakda, çig-mal bazaryny döretmekde ekerançylyk bilen bir hatarda maldarçylyk pudagynda işleriň sazlaşykly guralmagy hem möhüm ähmiýete eýedir. Hut şu jähtden hem obasenagat toplumynda maldarçylyk hojalyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, etiň we süýdüň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen uly möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslynyň gelmegi bilen maldarlaryň işleri has-da köpeldi. Hojalyklaryň birleşen tagallalarynyň netijesinde dowarlary we düýeleri dok hem ýyly gyşlatmak üçin ähli zerur işler amala aşyryldy. Şu güne çenli dowarlar üçin ot iýmleriň 12 müň 595 tonnasy, şol sanda meýdan otunyň bedesiniň 201 tonnasy, iri baldakly otlaryň 12 müň 394 tonnasy taýýarlanylyp, maldarçylyk hojalyklaryna degişli bolan, doly abatlanylan kaşarlaryň 317-sine ýerleşdirildi. Gyşa ykjam taýýarlykly gelen dowardarlar bu möhüm işleri sazlaşykly alyp barýarlar.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz.