Köýtendag — hazynalar mekany

30 Noýabr 2022
141

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ekologiýanyň abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly meseläni döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürmek bilen, tebigy gözelliklerimiziň goralyp saklanylmagy we baýlaşdyrylmagy barada yzygiderli alada edýär.

Munuň şeýledigini ýakynda Türkmenabat şäherinde geçirilen: «Köýtendag türkmen tebigatynyň täsinliklere baý bolan ajaýyp künjegidir» atly maslahat hem anyk subut edýär. «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly şygar astynda geçirilen bu maslahat Köýtendagyň ekoulgamyny goramak we baýlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek baradaky meselelere bagyşlandy. Men bu maslahat barada welaýat «Türkmen gündogary» gazetinde çap edilen makalany okap tanyş boldum we juda begendim. Çünki men talyp, özümem ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdebiniň biologiýa fakultetinde okaýaryn. Şeýle bolansoň tebigat mowzugy maňa juda ýakyn we eziz Diýarmyzyň ajaýyp tebigatyny öwrenmek, gorap saklamak we baýlaşdyrmak bilen baglanyşykly her bir ädim meniň üçin uly mekdep. Üstesine-de, özüm hem bu ugurdan ylmy iş bilen meşgullanýaryn.

Gülruh AÇYLOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.