Halkyň mertebesini belende göterýän gymmatlyk

30 Noýabr 2022
70

Hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlaryndan gözbaş alan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýän her günümiz agzybirlikden kemal tapan eziz halkymyzyň ata Watanymyza bolan buýsanjyny barha beýgeldýär. Şeýle şatlykly günlerde biz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýuny uly dabaralara besläp, mynasyp derejede garşy alýarys.

Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň pederlerimizden gelýän nusgalyk ýoluny saýlap alan ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda örän uly üstünlikler gazanylýar. Bu ajaýyp taryhy eýýamda Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen ýörelgesine laýyklykda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ykdysady, durmuş-medeni ösüş babatynda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyzyň gün-günden gülläp ösüşi halkymyzyň guwanjyna we buýsanjyna öwrülýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler Türkmenistanyň abadan we eşretli geljege barýan ýeňişli ýolunyň ygtybarly esaslarynyň bardygyny tutuş dünýä ýüzüne aýan etdi.

Amangeldi JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy.