Yhlas eşret getirýär

30 Noýabr 2022
79

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygynda hem uly ösüşler gazanylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda oba hojalyk işgärleri pileden, galladan, pagtadan, aralyk ekinlerden bol hasyl ýetişdirip, ýurdumyzyň ykdysady binýadynyň pugtalanmagyna saldamly goşant goşdular. Bu üstünlikler ene toprakdan bol hasyl ýetişdirmek üçin Arkadagly Serdarymyzyň kärendeçilerimize ähli şertleri döredip bermegi bilen berk baglanyşyklydyr. Bu döredilýän giň mümkinçiliklerden başarnykly peýdalanýan babadaýhanlarymyz azyk garaşsyzlygymyzy berkarar etmäge hem öz saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Kärendeçiler bilen bir hatarda azyk garaşsyzlygymyzy berkitmäge ýurdumyzyň hususy ulgamynyň telekeçi babadaýhanlary hem işjeň gatnaşýarlar.

Bagtyýar DERKAROW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.