Şan-şöhraty Arşa galýar Watanyň

30 Noýabr 2022
72

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy barha golaýlap gelýär. Her bir toý-baýrama mynasyp sowgatly barmak halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biri. Ine, Kerki etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň döredijilik topary hem ilhalar sahna eserlerini döretmek bilen şanly senä mynasyp sowgatly barýar. Teatryň režissýory Törekul Çöliýew döredijilik üstünlikleri dogrusynda söhbet açyp, şeýle gürrüň berdi:

— «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berlenine 27 ýyl dolýar. Biz hem şanly senäni sowgatly garşylaýarys. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň tomsunda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan halk teatrlarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Toparymyz şol bäsleşige Myrat Adalakowyň taýýarlan «Baýlyk» atly spektakly bilen gatnaşyp, birinji orny eýeledi. Ynha, indi bolsa «Döwletli döwran» atly ýedi perdeli drama eserini täzeden işläp, Halkara Bitaraplyk baýramymyza sowgat taýýarladyk. Bu spektaklyň edebi esasyny Şöhrat Maşaripow ýazdy. Spektaklyň baş gahrymany Aşyr aganyň keşbini Astangeldi Jomartow, onuň ýanýoldaşy — Akjagül ejäniň keşbini bolsa Tamara Ergeşowa janlandyrýar. Bulardan başga-da sahna ussatlarymyz Nurýagdy Baýramow, Aýna Penjiýewa, Myrat Adalakow dagy özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirip, spektaklyň şowly çykmagyna önjeýli goşant goşdular. Bu sahna eserinde ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy bilen ýetilen belent sepgitler, Watan mukaddeslikleri, gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli ýol-ýörelgelerimiz dogrusynda çeper söhbet edilýär. Pederlerimizden miras galan ajaýyp däp-dessurlarymyz şu günki ýaşlar üçin nusgalykdyr, görelde mekdebidir. Her bir ýaş nesil durmuşda şulardan ugur almalydyr. Ine, spektaklda esasy öňe sürülýän pikir şundan ybarat bolup durýar.

Söhbetdeş bolan Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz.