Bilim ulgamynda

30 Noýabr 2022
119

Kämilligiň çägi ýok

Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň ýaşlary, olaryň çuňňur bilimli, arassa ahlakly, watansöýer, başarjaň adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz alada edýärler. Ýakyndan berilýän üns-alada, edilýän goldaw-hemaýat bilim ojaklarynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy, okuw işine täzeçe usullaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen utgaşdyrylýar. Şeýle şertlerde bilim işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmeklerini gazanmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şondan ugur almak bilen welaýat baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezinde okuwlar guralyp durulýar. Ýakynda türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň bir topary bolup, şeýle okuwa diňleýjiler hökmünde gatnaşdyk. Onuň dowamynda öz işine ussat, tejribeli mugallymlar okatmagyň täze usullaryndan, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanyp, täsirli sapaklary geçdiler. Şonuň netijesinde biz okatmagyň öňdebaryjy usullary, bilim bermegiň täze tehnologiýalary bilen ýakyndan tanyşdyk. Öz gezegimizde biz hem kärdeşlerimiz bilen toplan iş tejribelerimizi paýlaşdyk. Bu babatda Halaç etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň baýry mugallymy Ogulsapar Myradowanyň we 14-nji orta mekdebiň mugallymy Almagül Hudaýberdiýewanyň aýdanlary has özüne çekiji boldy.