Ýurdumyzda zenanlara goýulýan sylag-sarpa bilen bir hatarda olaryň saglygy hakynda hem yzygiderli alada edilýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde hem zenanlaryň saglygyny goramaklyga gönükdirilen seljeriş-bejeriş işleri geçirilýär.
Biz bu işleriň alnyp barlyşy dogrusynda welaýat onkologiýa hassahanasynyň onkoginekolog lukmany Nurjemal Kurbanowa bilen söhbetdeş bolduk.