Önüm öndürijiler höweslendirilýär

25 Noýabr 2022
87

3433,2 müň tonnadan gowrak sarun! Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasyndan pagta öndürijilere gowaça çigidini gaýtadan işlemekden alnan şonça önüm berildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda şu ýylyň hasylyndan başlap, ýerleriň kärendeçilerinden, peýdalanyjylaryndan we eýelerinden döwlet tabşyrygy esasynda kabul edilen bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepek, sarun, künjara we şugundyr löti, degişlilikde, önüm öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satylýar. Sarunyň bir kilogramy zawod tarapyndan ýerlerdäki pagta arassalaýjy kärhanalara 40 teňňeden goýberilýär. Olardan bolsa önüm öndürijiler özlerine degişli bolan önümleri bökdençsiz alýarlar. Şeýle çemeleşme pagtaçylary has yhlasly zähmet çekmäge höweslendirýär. Watan harmanyna düýne çenli welaýatymyz boýunça «ak altynyň» 276,2 müň tonnadan gowragy tabşyryldy. Pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnamak işi guramaçylykly dowam edýär. Diýmek, önüm öndürijilere berilýän sarunyň möçberi ýene-de artar.

Mämmet GYLYJOW.