Täzelikler

23 Noýabr 2022
62

Ilatyň çörek we çörek önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmakda Türkmenabat şäherindäki 1-nji çörek kärhanasynda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Kärhanada ýylyň başyndan bäri çörek we çörek önümleriniň 13 müň 42 tonnasy öndürildi. Öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 16 million 869 müň 0,54 manatlyga deň boldy. Şeýle-de bu döwürde süýji-köke önümleriniň hem 6 tonnadan gowragy öndürilip, ilata hödürlenildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.